Polisiýa işgärleri Lebap welaýatynyň sebit merkezinde kinofilmleri, kompýuter programmalaryny we oýunlaryny kireýine berýän wideo prokatlara gözegçiligi güýçlendirýär.
“Öňler hukuk goraýjy edaralar bize degmeýärdiler. 2024-nji ýyldan başlap, yrsarap ugradylar. Eliňdäki gazanjyňa hantama bolýarlar” diýip, bir prokat eýesi aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň Türkmenabat şäheriniň içeri işler edaralaryndaky bir çeşmesi sebitde maglumat söwdagärlerine garşy gözegçiligiň güýçlendirilendigini tassyklap, ýerli häkimiýetleriň bu ýagdaýy prokatlarda ilata hödürlenilýän wideolaryň, oýunlaryň we beýleki maglumatlaryň bikanun ýollar bilen alynmagy bilen düşündirýändigini aýdýar.
“Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 377-nji maddasyna salgylanyp, satyjylary jenaýat jogapkärçiligine çekip bolýar” diýip, içeri işler edaralaryndaky çeşme aýdýar.
Maglumatyň islendik görnüşiniň akymynyň häkimiýetler tarapyndan berk çäklendirilýän ýurdunda wideo prokatlar onlarça ýyllaryň dowamynda ilat arasynda meşhurlygyny saklap galýar. Adamlar şeýle söwda nokatlarynyň üsti bilen, daşary ýurtlarda öndürilýän meşhur kinofilmleriň ýa-da kompýuter oýunlarynyň we beýleki programma üpjünçilikleriniň bikanun nusgalaryny edinip bilýärler.
“Şeýle önümleriň ählisiniň galp, garakçylyk we bikanun ýollar bilen’ alynýandygyna garamazdan, wideo prokatlar ilat arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýdýar.
Türkmenistanda kompýuter programmalary, maglumat binýatlary, fonogrammalar, wideogrammalar, radio we telewizion gepleşikleriň ýaýlymda ýa-da kabel boýunça goýberilmegi, ylmy, edebiýat we sungat eserleri we başga-da birnäçe obýektler intellektual işiň netijeleri hökmünde ykrar edilip, olar kanun taýdan, awtorlyk hukugynyň kepilliklerinden we goraglylygyndan peýdalanýarlar.
Halkara hasbatlarda intellektual eýeçilik hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyna pes baha berilýär.
Bu ugurda Birleşen Ştatlaryň Söwda wekili edarasynyň aprel aýynda çap eden hasabatynda Türkmenistan intellektual eýeçilik hukuklary boýunça gözegçilik astyndaky ýurtlaryň’ sanawynda galdyryldy.
Hasabatda aýdylmagyna görä, Türkmenistanda intellektual eýeçilige degişli harytlaryň gümrükde barlanylmagyna, olaryň importyna we eksportyna gözegçilik edýän ýörite edara ýok.
Şeýle-de, hasabata görä, ygtyýarnamasyz kompýuter programmalarynyň hökümet tarapyndan ulanylmagy babatynda hem Türkmenistana pes baha berilýär.
Türkmenistanda “Intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasy” kabul edildi. Mundan ozal, şeýle maksatnamanyň 2015-2020-nji ýyllara degişli tapgyry hem kabul edilipdi. Şeýle-de, ýurtda “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda” ýörite kanun kabul edildi. Muňa garamazdan, ýurtda intellektual eýeçilik hukuklary iş ýüzünde goragdan mahrum galýar.
“Birleşen Ştatlar Türkmenistanyň öz intellektual eýeçilik kanunlaryny ýerine ýetirmezligi bilen bagly habarlar babatynda aladalaryny dowam etdirýär” diýip, üç aý çemesi ozal çap edilen hasabatda aýdylýar we ýurduň iri şäherlerinde galp we garakçylyk, ýagny bikanun ýollar bilen alnan önümleriň giňden elýeterli bolmagynda galýandygyna üns çekilýär.
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 377-nji maddasy maglumat ulgamyndaky ýa-da maglumat-telekommunikasiýa torundan geçýän, elektron göterijide saklanýan, kanun arkaly goralýan maglumatyň bilkastlaýyn bikanun nusgasynyň alynmagyna jeza çärelerini göz öňünde tutýar.
Türkmenabatly wideo prokat eýeleri disklerde köpeldilen kinofilmleri, wideo oýunlary we beýlekileri kireýine bermek ýa-da satmak arkaly özleriniň gazanç edýändiklerini aýdýarlar.
Gündogar welaýatyň sebit merkezinde şeýle prokatlar şäheriň iri bazarlarynyň biri bolan “Gök” bazaryň öňünde we içinde, şeýle-de şäheriň beýleki iri we ownuk bazarlarynda iş alyp barýarlar diýip, bir şäher ýaşaýjysy gürrüň berýär.
“Hökümetiň berýän aýlygy hiç zada ýetenok, polisiýa işgärleri hem bir zatlar edip, güzeran aýlamaly. Şonuň üçin hem, polisiýa işgärleri dürli bahanalar bilen adamlardan para alýarlar. Polisiýa prokatlardaky oýunlaryň we kinofilmleriň bikanun ýollar bilen alnandygyna salgylanyp, satyjylary şantaž edýär we olardan para alýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýdýar.
Häzirki wagtda daşary ýurtlarda ýaşaýan şeýle prokat eýesiniň bir dogan-garyndaşy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim söhbetdeşlikde disk satyjylarynyň aýlyk girdejileriniň 2%-ni polisiýa işgärlerine geçirýändiklerini gürrüň berdi.
Habarçymyz hökümet işinde işleýän birnäçe ýerli ýaşaýjynyň sözlerine salgylanyp, Microsoft we Google ýaly kompaniýalaryň ygtyýarnamaly önümlerini Türkmenistanda kompýuter enjamlaryna ýüklemegiň tas mümkin däldigini habar berýär.
“Döwlet ýa-da hususy edaralarda, okuw jaýlarynda we hojalyklarda ulanylýan kompýuter programmalary ygtyýarnamasyz, galp we garakçylyk önümleri. Hatda welaýat häkimliginde we polisiýa edaralarynda ulanylýan kompýuter programmalary hem galp we garakçylyk, ýagny bikanun ýollar bilen alnan önümler” diýip, ýerli çeşme aýdýar.
Türkmenistanda Internet torunyň ilata elýeterliliginiň ýagdaýy pes bolup, ýurduň çäginde onlarça müň web sahypasy petik astynda galýar. Şeýle şertlerde kompýuter programmalarynyň, oýunlaryň we çeper filmleriň bikanun söwdasy rowaçlanýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.