Polisiýa işgäriniň hal-ahwaly içeri işler edaralaryndaky düýpli problemalardan habar berýär

Polisiýa işgäriniň hal-ahwaly içeri işler edaralaryndaky düýpli problemalardan habar berýär

Raýatlara jerime ýazmak boýunça gündelik “plan borçnamalary”, başlyklar tarapyndan kemsidilmeler, haýbatlar we içeri işler edaralarynda bar bolan beýleki problemalar polisiýa işgärleriniň durmuşyna, olaryň maşgala agzalarynyň abadançylygyna ýaramaz täsir edýär.

“Adamym polisiýa bölümine işe geçeli bäri, işden öýe gaty ýadaw gelýär, hatda çagalarymyz bilen hem öňküleri ýaly gülüşmeýär.Soňky wagtlarda işden has-da ýadadym, başlyklar hem kemsidiji sözleri aýdýarlar, köpçülikde meni iş başarmaýan ýaly edip görkezýärler, ýetişigi pesleriň hataryna goşup, Serhetabada perewod etmek haýbatyny atýarlar’ diýýär” diýip, maryly bir polisiýa işgäriniň aýaly howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Maryly polisiýa maşgalasynyň ýüzbe-ýüz bolýan gündelik kynçylyklary, eden-etdilikli gündelik protokol borçnamalary’ we kemsitmeler Azatlyk Radiosynyň, mundan ozal, ýurduň içeri işler edaralarynda öňden bäri sistemalaýyn häsiýetde dowam edýän problemalar barada beren habarlaryny tassyklaýar.

Habarçylarymyz öňki aýlarda ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynda dowam edýän problemalaryň, ýaramaz iş şertleriniň döwlet gullukçylaryny öz işlerini taşlamaga, has amatly iş şertleriniň gözleginde daşary ýurtlara çykmaga iterýändigini habar beripdiler.

Mary welaýatynyň polisiýa edaralarynyň birinde işleýän kanun goraýjy özleriniň her günde birnäçe adamy düzgün bozmalarda aýyplap, polisiýa bölümine getirmek bilen borçlandyrylýandyklaryny aýdýar.

Meselem, raýatlaryň çilim çekmegi, hajathana tapman, açyk meýdanda peşew etmek, ýa-da pyýadalaryň köçelerde özlerine niýetlenen geçelgelerden peýdalanmazlygy, nas atmak, ýa-da raýatyň serhoş ýagdaýda köçeleri hapalamagy ýaly hadysalar polisiýa işgärleriniň gündelik “protokol borçnamalaryny” ýerine ýetirmeklerine goşant goşýar.

Ýöne maryly polisiýa işgäri özüniň şular ýaly düzgün bozmalarda ele salan raýatlaryna jerime ýazyp, polisiýa bölümine äkidip bilmeýändigini, olara dözüp bilmeýändigini aýdýar.

“Kakasy, raýatlara kän bir azar berme, biz onsuz hem halkyň durmuşynyň nähili kyndygyny görüp otyrys, ahbetin” diýip, polisiýa işgäriniň maşgalasy adamsyna ýüzlenýär.

Türkmenistanda häkimiýetler jemgyýetçilik giňişligine berk gözegçilik etmekde tanalýar. Üstesine, ýurduň güýç edaralary rehimsizlikde tanalýar we, synçylara görä, köp halatda geçirimsizligi berdaşlylyk, rehim-şepagaty ejizlik hasaplaýar.

Şeýle gurşawda maryly polisiýa işgäri iş ýerinde aman galmakda kynçylyklara sezewar bolýar. Jerime ýazmak boýunça gündelik plan borçnamasy ýerine ýetirilmedik halatynda, ýolbaşçylaryň kemsitmelerine sezewar bolýar.

Polisiýa işgäriniň maşgalasy adamsyna ýüzlenip, eger mümkin bolsa, işini taşlamagy, käbir deň-duşlary ýaly daşary ýurtlardan eklenç çeşmelerini gözlemegi maslahat berýär.

Ýöne Türkmenistanda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri aňsatlyk bilen daşary ýurtlara syýahat edip bilmeýär. Olar daşary ýurt döwletlerine syýahat etmek bilen bagly käbir kanuny çäklendirmelere razylyk berýärler.

Galyberse-de, polisiýa işgärleriniň harby biletleri Içeri işler edaralarynda saklanýar. Daşary ýurtlara syýahat etmek üçin zerur bolan biometriki pasportlara ýüz tutulanda harby gullugy geçen raýatlardan harby biletleri hem talap edilýär.

“Ýoldaşym ymykly işden çykmasa, işden çykdy diýip buýruk gelmese, Içeri işler edaralaryndan harby biledini alyp bilmeýär. Harby bilet bolmasa, daşary ýurt pasportyny, biometriki pasporty alyp bolmaýar. Men adamymy her gün agyr ýadaw halda görüp, oňa öz islegi boýunça işden çykmak barada arzasyny ýazmagy maslahat berýärin” diýip, polisiýa işgäriniň aýaly aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary öňki aýlarda hem ýurduň içeri işler edaralarynda sistemalaýyn häsiýetde dowam edýän problemalar, işgärleriň mertebeleriniň ýolbaşçylar tarapyndan kemsidilmegi ýaly wakalar barada habar berip gelýärler.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Mary welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan birnäçe polisiýa işgäri öz edaralaryndaky ýaramaz iş şertleri zerarly, köp sanly polisiýa işgäriniň öz işlerini taşlap, daşary ýurtlara çykmaga ýykgyn edýändiklerini habar berdiler.

Ýöne ýurduň howpsuzlyk edaralarynda işleýän adamlaryň özleri beýlede dursun, ýakyn dogan-garyndaşlary hem daşary ýurtlara syýahat gadagançylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň elmydama gowulandyrylýandygy aýdylýar. Döwlet telewideniýesi wagtal-wagtal harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine niýetlenen täze jaýlaryň dabaraly açylyşyny görkezýär.

Üstesine, Türkmenistanyň şertlerinde güýç edaralary ýokary aýlykly iş ýerleriniň hatarynda hasaplanýar.

Ýöne bu edaralarda döredilen iş gurşawy hukuk goraýjylaryň özleriniň hem-de maşgala agzalarynyň abadançylygyna zyýan ýetirýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary birnäçe gün mundan ozal, 24-nji iýunda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň hem köçelerde ähmiýetsiz bahanalar bilen sürüjilere jerime ýazmak işlerini güýçlendirendiklerini habar berdiler.

Bu kampaniýalar awtoulaglarda radio antennasyny uzaldyp, daşary çykaran raýatlaryň hem jerimeler bilen nyşana alynmagyna çenli baryp ýetdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir sürüji şonda 100 manat para bilen özüniň awtoulagynyň polisiýa tarapyndan jerime duralgasyna äkidilmeginiň öňüne geçmegi başarandygyny gürrüň berdi.

Şeýle bahanalar’ polisiýa işgärleriniň jerime ýazmak boýunça öz üstüne alan plan borçnamalaryna goşant goşýan-da bolsa, maryly polisiýa işgäriniň aýalynyň beren gürrüňleri içeri işler edaralaryndaky jerimeler we eden-etdilikler bilen razylaşmaýan polisiýa işgärleriniň hem bardygyny görkezýär.

“Meniň düzgün bozmalarda’ saklaýan adamlaryma, meniň ornuma başga biri bolanda, 100 manat möçberde jerime ýazardy, ýöne men olary goýberýärin” diýip, polisiýa işgäri aýdýar.

Bu aralykda, içeri işler işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň abadançylygy bilen bagly habarlaryň arasynda, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 6-njy iýunda geçiren mejlisinde içeri işler ministri Muhammet Hydyrorwa käýinç’ yglan etdi. Bu käýinç degişli ýolbaşçynyň “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri” bilen düşündirildi ýöne başga jikme-jiklik berilmedi.

Azatlyk Radiosy Mary welaýatynyň polisiýa edaralaryndaky talaplar we iş şertleri boýunça polisiýanyň welaýat bölüminden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

“Tahran Uly Ýalňyşlyk Etdi we Jerimesini Çeker”
Agtyk küýseýän ene-ata ogly bilen gelnini kazyýete berdi
“Şwesiýa Bilen Finlýandiýanyň NATO Agzalygynyň Jerimesi Agyr Bolar”
Türkmenistanda 'bidüzgünçiligi ýüze çykarmak' çäreleri bat alýar
Aşgabatda her polisiýa öz nobatynda 10 adama jerime salmaly (Audio)
“Putin we Ýurdy Söweşiň Jerimesini Çeker