Polisiýa Amul galasyna barýan ýaşlardan gorkuzyp pul alýar ýerli ýaşaýjylar

Polisiýa Amul galasyna barýan ýaşlardan gorkuzyp pul alýar  ýerli ýaşaýjylar

Türkmenabat şäheriniň eteginde ýerleşýän gadymy Amul galasyna syýahata barýan ýaşlardan polisiýa tarapyndan gorkuzylyp pul alynmagy barada habarlar gowuşýar.

“Agşama golaý biraz howa salkynlapdy.Galanyň depesinde oturyp, Günüň batyşyny synlaýardym. Şol wagt birden bir polisiýa işgäri ýanymda duýdansyz peýda bolup, bu ýerde näme işleýärsiň, bu gala döwlet tarapyndan goralýan ýadygärlik, ýör men seni edara äkidip şahsyýetiňi barlaýyn’ diýip, meniň elimden çekip maşyna mündürmekçi boldy.

Men şol wagt jübümde bar bolan 50 manady berip, zordan sypdym” diýip, türkmenabatly ýaş ýigit 16-njy aprelde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenabat şäher häkimligindäki çeşme Amul galasynyň hakykatdan-da döwlet tarapyndan goralýan ýadygärlikleriň hatarynda bolandygyny, ýöne bu ýere raýatlaryň girmeginiň gadagan edilmegi barada nähilidir bir görkezmäniň berilmändigini aýtdy.

“Galanyň çäginde häzirki wagtda hiç hili gazuw-agtaryş ýa-da abatlaýyş işleri hem geçirilmeýär” diýip, çeşme aýtdy.

Gadymy Amul galasy orta asyr şäheri bolup, bu ýadygärlik häzirki Türkmenabat şäheriniň günorta eteginde ýerleşýär.

Taryhy we arheologiki tapyndylar gadymy Amul şäherçesiniň taryhda gadymy Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen möhüm merkezleriň biri bolandygyny görkezýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyna görä, gadymy şäherde 2018-nji ýyldan bäri arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň Türkmenabat şäher häkimligindäki çeşmesi bu ýerde häzirki wagtda meýdan işleriniň alnyp barylmaýandygyny aýdýar. Taryhy ýadygärlik açyk asmanyň astynda ýerleşýär, onuň töweregine haýat aýlanmandyr, şeýle-de ol ýere syýahata barýan adamlardan nähilidir bir resmi töleg alynmaýar - kimiň baryp göresi gelse, gadymy şäherçäniň ýerleşýän çägine erkin girip görübermeli.

Amul galasynda Günüň batyşyny synlaýan wagtynda polisiýa tarapyndan “talanandygyny” aýdýan türkmenabatly ýaş ýigit Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde wakanyň bolan ýerinde polisiýa işgäri bilen dawalaşmaga özünde “mümkinçiligiň bolmandygyny” gürrüň berdi.

Türkmenistanda polisiýa işgärleriniň jemgyýetçilik ýerlerinde, medeni dynç alyş merkezlerinde, seýilgählerde we beýleki ýerlerde raýatlardan dürli bahanalara esaslanyp’ pul, para soramak tejribeleri ýyllarboýy saklanyp galýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary seýilgählerde gol tutuşyp barýan erkekleriň we aýallaryň, ýaş juwanlar wagtal-wagtal polisiýanyň esassyz nyşanalaryna öwrülip bilýändiklerini aýdýarlar.

Ýerli ýaşaýjylar polisiýanyň raýatlardan gorkuzyp pul almagy bilen bagly hadysalaryň köplenç ýaşlar babatynda bolup geçýändigini, esasan jemgyýetiň ýaş gatlagynyň häkimiýetler tarapyndan esassyz we eden-etdilikli nyşana alynýandygyny aýdýarlar.

"Köpçülikle gol tutuşyp barýardyk..."Amul galasynda 17-nji aprelde bolup geçen beýleki bir wakada polisiýa işgärleri taryhy ýadygärlige gezelenje baran bir är-aýaly ulaga ýükläp, polisiýa bölümine alyp gidipdirler.

“Olar bizden nika şahadatnamalarymyzy görkezmegi soradylar, ýöne biz bu resminamany elmydama ýanymyzda götermeýäris, şonuň üçin görkezip bilmedik” diýip, ýaş jübüt aýdýar.

Polisiýa olara jemgyýetçilik ýerinde gol tutuşyp ýöremek üçin, özlerine nika şahadatnamalarynyň bolmalydygyny duýdurypdyr.

Ýaş jübütler bu hadysa boýunça özleriniň polisiýa işgärlerine 300 manat pul tölemäge mejbur bolandyklaryny, ýöne özleriniň hiç hili etmişiniň bolmandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň kanunçylygy para almagy, bermegi ýa-da arada durmagy jenaýat hasaplaýar, ýöne para alnanda ýa-da berlende para berýäniň peýdasyna iş bitirilýär.

Amul galasynda bolup geçen gorkuzyp pul almalarda ýaşlaryň peýdasyna nähilidir bir iş bitirilmändir, olar özleriniň diňe polisiýa işgärleriniň elinden gutulmak üçin pul bermäge mejbur bolandyklaryny aýdýarlar.

Şeýle eden-etdilik gün tertibine gelende türkmenler köplenç Gorkut ata dessanyndaky Däli Domruly ýatlaýarlar.

Halk döredijiligine görä, oguz türkmen ilinde ýaşap geçen Däli Domrul bir köpri gurup, onuň üstünden geçen adamlardan 40 pul, geçmediklerden zor bilen iki esse köp pul alypdyr.

“Jemgyýetiň ýaş gatlagynyň wekillerinden gorkuzylyp pul alynmagy ýurtda eden-etdiligiň dowam edýändigini görkezýär” diýip, ýerli synçylar Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Ýaş raýatlar güýçlenip dowam edýän polisiýa gözegçiligini özleriniň hereketleriniň eden-etdilikli görnüşde gözegçilikde saklanmagy hökmünde düşündirýärler.

“Amul galasynda Günüň batyşyny synlamaklygyň bahasy 50 manat boldy” diýip, polisiýa tarapyndan gorkuzylyp puly alnan ýaş ýigit aýdýar.

“Köpçülikde el tutuşyp ýörejek bolsaňyz, ýanyňyzda nika şahadatnamaňyz bolmaly diýdiler” diýip, türkmenabatly ýaş gelin geň galýar.

Amul galasy 1991-nji ýylda Kerki döwlet taryhy we medeni goraghanasynyň ygtyýaryna berildi.

Azatlyk Radiosy bu galanyň iş tertibi boýunça ýerli medeniýet resmilerinden teswir alyp bilmeýär. Şeýle-de, ýaşlardan polisiýa işgärleri tarapyndan gorkuzylyp pul alynmagy boýunça Türkmenabat polisiýa bölüminden resmi teswir almak synanyşygymyz netije bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenfilm birleşiginiň täze filmleri
Türkmenfilm Gorkut ata eposy esasynda film surata düşürýär
Jennet PALTAÝEWA
Dilşat Meläýewa: sahna sungatynda adygan artist
Körpeleriň Aşyr dädesi
Körpeleriň Aşyr dädesi