Türkiýäniň “Polimex” gurluşyk kompaniýasy Aşgabat-Türkmenbaşy arasynda türkmen hökümeti bilen baglaşylan şertnama esasynda gurýan ýokary tizlikli we tölegli ýolunyň gurluşygynda alyp barýan işlerini bes etdi.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň anyklamagyna görä, türkmen häkimiýetleri türk kompaniýasynyň başlygy Erol Tabança bu ýoly kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna gurmagy we soňra, çykaran harajatlarynyň täze ýoluň geljekde getiren girdejilerinden almagy teklip etdiler.
Emma “Polimex” we beýleki köp sanly potratçy kompaniýalar türkmen tarapyndan bireýýäm eden işleri we tabşyran desgalary üçin hem özlerine düşýän pullaryny doly alyp bilmeýärler.Hususan-da olar Aşgabatda gurlan täze aeroport we Aziada-2017-ä gabatlap guran desgalary babatda doly hasaplaşyp bilmeýärler.
Erol Tabança maliýe kynçylyklary bilen baglylykda türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlygy bes etmek we ýurdy terk etmek kararyna geldi.
Türk kompaniýasynyň başlygynyň hususy uçary dekabryň aýagynda Aşgabat aeroportunda saklandy.Türkmen häkimiýetleri, baglaşan şertnamalaryny ýerine ýetirmän, ýurtdan gaçyp gitmekde aýyplap, Tabançanyň uçup gitmeginiň öňüni almaga çalyşdylar.
Tabançanyň janpenalary bilen türkmen tarapynyň wekilleriniň arasynda ýakalaşma çenli barlyp ýetildi.Diňe Aşgabadyň häkimi Şamuhammet Durdylyýewiň gatyşmagy we Tabançanyň ýakyn wagtda dolanyp gelip, ähli meseläni çözmegi wada bermegi dartgynlyklaryň gowşamagyna hem-de “Polimex” kompaniýasynyň başlygynyň Türkmenistandan çykyp bilmegine ýol açdy.
Beren wadalaryna garamazdan, Tabança yzyna gelmedi we Türkmenistan bilen arada dörän meseleleri çözmegi öz orunbasary Abdullah Gözenere tabşyrdy. Emma Gözener hem bu wezipäni ýerine ýetirmegi başarmady we, problemalary seljermegi Erol Tabançanyň dogany Guwene (Guwen Tabança) tabşyryp, ýanwarda ýurdy terk etdi. Güwen Tabança bolsa Türkmenistany fewralda terk etdi.
Ýatladýarys, tölegli awtobanyň gurluşygynyň başlanýandygy baradaky habarlar türkmen metbugatynda 2017-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda çap edildi.
Ýol gurluşygynyň işleri Aşgabat-Owadandepe uçatogynda, Gökdepeden uzak bolmadyk Garry käriz we Goç obalarynyň golaýynda başlandy. Bereketde (ozalky Gazanjyk) edara jaýynyň gurluşygyna başladylar. Soňky wagtlarda, hünärmenleriň pikirine görä, işler ýoluň iň kyn böleklerinde, Owadandepeden günbatara öwrülýän ýerinde alnyp baryldy. Bu ýerde ýoluň 60 kilometre golaýy gumuň içinden çekilmelidi.
Häzir ähli iş togtadyldy. Işçiler iş ýerlerini terk etdiler. Ýoluň iş alnyp barlan ýerleriniň her bölegine türkmen we türk taraplaryndan gurluşyk tehnikasyny we kömekçi jaýlary goramak üçin bir wekil galdyryldy.
1 of 6