Polat Önümçiligi 11,6 Göterim Artdy

Polat Önümçiligi 11,6 Göterim Artdy

Türkiýäniň çig polat önümçiligi maý aýynda geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 11,6 göterim artyp 3,2 million tonna ýetdi.

Türkiýäniň çig polat önümçiligi üstümizdäki ýylyň ilkinji 5 aýlyk döwründe bolsa 19,8 göterim artyp 15,5 million tonna ýetdi.

Polat önümleriniň eksporty bolsa maý aýynda 45,9 göterim artyp 1,1 million tonna ýetdi.

Eksport, 2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlaryny öz içine alýan döwür bilen deňeşdirilende bolsa 48,6 göterim artyp 5,4 million tonna ýetdi. Eksportdan alynan girdeji bolsa 26,2 göterim artyp 4 milliard dollara barabar boldy.

Polat importy bolsa maý aýynda geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirişende 29,1 göterim azalyp 1,5 million tonna ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Polat Önümçiligi Artdy
Polat Önümçiligi 4,4 Göterim Artdy
Ançous Eksporty 29 Göterim Artdy
Ançous Eksporty Arty
Funduk Eksporty Artdy
Türkiýäniň Şaý-Sep Eksporty Artdy