Polat Gupbanyň Gurluşygy Dowam Edýär

Polat Gupbanyň Gurluşygy Dowam Edýär

Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, polat gupbanyň gurluşygynyň dowam edýändigini aýtdy.

Ministr Kajyr, Sakarýada eden çykyşynda, Türkiýäniň awiasiýa pudagynda eden öňegidişligi hakynda maglumat berdi.

Kajyr, türk halkynyň perzentleriniň Baýraktar, ANKA, Akynjy, Aksungur, Hürkuş, Hüržet, Atak, Gökbeý, Kaan we Kyzyl Elma bilen göz asmanda öňe gidişligini görkezendigini aýtdy.

Ministr Kajyr, diňe goranyş senagaty taýdan däl eýsem senagatdan tehnalogiýa çenli ähli ugurlarda doly garaşsyz Türkiýäniň gurulmagy üçin tagalla edilýändigini belledi.

Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, “Polat gupba taslamasynyň gurluşygy üstünlikli ýagdaýda dowam edýär. Hiç kim türk halkyna zeper ýetirip bilmez” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi
Gara deňizde täze buraw işleri başlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
"Fatih" burawlaýyş gämisi "Çaýjuma-1" tebigy gaz guýusyna bardy
Daşary ýurtlylara satylan ýaşaýyş jaýlaryň sany artdy