Podpolkownik A.Sazakow Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirer

Podpolkownik A.Sazakow Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirer

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy polkownik Batyr Seýtgeldiýewiç Wolsahatowy Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Karary esasynda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek bu gullugyň başlygynyň orunbasary podpolkownik Amanmuhammet Şyhgulyýewiç Sazakowyň üstüne ýüklenildi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistan Raýatsyzlygy ýok etmek boýunça ähliumumy birleşmä goşuldy
BMG raýatsyzlygy ýok etmekde Türkmenistanyň goşandyna ýokary baha berdi
BMG Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berýär
BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasy geçirildi
Aşgabatda Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça sebit maslahaty geçirildi