Podmoskowýede bolan ýykgynçylyk dünýäde giňden ýazgaryldy

Podmoskowýede bolan ýykgynçylyk dünýäde giňden ýazgaryldy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 23-nji martda Krokus Siti Holl konsert merkezindäki ýykgynçylykda pida bolanlaryň hatyrasyna 24-nji marty ýurtda ähluhalk matam güni diýip yglan etdi. Betbagtçylyk hiç kimi biparh goýmady diýip, MIR 24 ýazýar.

Dünýäniň çar künjeginde Podmoskowýede bolan terrorçylykly hereketi ýazgarýan hem-de pida bolanlaryň hatyrasyna matam çäreleri guraldy. Adamlar RF-niň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň öňünde guralan matam tagtalaryna gül getirdiler, şem ýakdylar.

Russiýanyň halkyna raýdaşlygyň nyşany hökmünde Birleşen Arap Emirliklerinde binalaryň köpüsi, şol sanda Burj-Halyfa gökdiräni rus baýdagynyň reňklerinde ýagtylandyryldy. Onda Birleşen Arap Emirlikleri Russiýany goldaýar diýen sözler arap we iňlis dillerinde ýazyldy.

Ankarada geçýän ýerli saýlawlaryň öňündäki ýygnanyşyk wagty Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan çykyşyny Russiýanyň adyna goldaw beriji sözler bilen başlady.

Dünýäniň onlarça ýurdunyň, şol sanda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlary Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine bolup geçen betbagtçylyk bilen baglylykda, goldaw beriji sözlerini beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Gurluşygy gaýtadan dikeldildi
Tebigat döredijiligiň ylham çeşmesi
“Terrorçylaryň Hinlerini Derbi-Dagyn Edýäris”
Aşgabatdan Kazana we Dubaýa dowamly howa gatnawlary gaýtadan dikeldilýär, Türkmenistanyň orta mekdeplerinde Soňky jaň dabarasy geçirildi, Awaza üçin elektron rugsatnamany resmileşdirmegiň düzgünleri we beýleki habarlar
Ýere 2022-nji ýylyň iň uly asteroidi golaýlaşýar
Abu Dabi Türkiýäniň Baýdagynyň Reňki Bilen Bezeldi