Poçettinonyň üsti gyzyl el

Ýewropa futbolynda häzirki wagtda milli çempionatlaryň tamamlanmagyndan soň hem-de Ýewropa çempionatynyň başlamagynyň öňüsyrasynda tälimçi alyş-çalşygy ýokary depginde dowam edýär.Yklymyň uly klublaryndan wezipesini taşlan tälimçileriň sany yzygiderli artýar.

Häzirki wagtda PSŽ toparyna tälim berýän argentinaly Maurisio Poçettinonyň üsti gyzyl el.PSŽ-niň goýbermek islemeýän tälimçisini onuň ozalky kluby “Tottenham” bilen “Real Madrid” toparlary-da transfer etmek isleýär. “Goal”-uň habar bermegine görä, “Tottenham” ozalky tälimçisi bile içgin gyzyklanýar we Poçettinonyň hem bu Angliýa dolanmak meýli ýok däl.

Beýleki bir tarapdanam Zidanyň wezipesini taşlamagyndan soň, tälimçi gözlegine çykan “Real Madridiň” klubunyň başlygy Florentina Pereziň hem ilkinji nobatda topary ynanyp biljek tälimçisiniň Poçettino boljakdygy habar bellenilýär. Şol bir tarapdan hem “Ligue 1”-de çempionlygy “Lill” toparyna aldyran hem bolsa, PSŽ-niň ýolbaşçylary Poçettinonyň toparda galmagyny isleýärler.

Ýene degişli makalalar

Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
PSŽ-de Poçettino gitdi, Galtie geldi
IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi
“Real” ýene-de öňki tälimçisini wezipä belledi
Zidan iýun aýynda PSŽ-niň tälimçiligine bellenip biler
Çelsi we Tuhel barada...