“PSŽ-niň” metbugat gullugy argentinaly hünärmen Maurisio Poçettinonyň baş tälimçi wezipesine bellenendigini mälim etdi. Ol öň işden çykarylan Tomas Tuheliň ornuny çalşyrdy. Bu barada bookmaker-ratings.ru belläp geçýär.
48 ýaşly argentinaly tälimçi bilen baglaşylan şertnama 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenilip, ýene bir möhlet uzaltmak mümkinçiligini öz içine alýar.
Poçettinonyň öňki iş ýeri “Tottenhem Hotspurdy”. Argentinaly hünärmen london klubundan 2019-njy ýylyň noýabrynda gitdi. Mundan ozal, Poçettinonyň “Zenitiň” baş tälimçisi wezipesine dalaşgärleriň biridigi habar berildi. Ol “Tottenhemden” öň “Sautgemptonda” we “Espanýolda” işledi. “PSŽ” 17 tapgyrdan soň, Liga 1-de 35 utuk bilen üçünji orny eýeleýär. Indiki oýunda olar 6-njy ýanwarda “Sent-Etýen” bilen duşuşarlar.