
Argentinaly tälimçi Maurisio Poçettino Londonyň Çelsisiniň baş tälimçisi boldy. Bu barada gökleriň metbugat gullugy hem habar berdi.
51 ýaşly hünärmen bilen iki ýyllyk şertnama baglaşyldy. Ol işine 1-nji iýuldan geçiriler.
Ozal Tottenhem, Sautgempton we Espanýolda işlän Poçettinonyň soňky topary fransuzlaryň PSŽ-si bolupdy.
Möwsümde 44 utuk toplap bilen Çelsi APL-de 12-nji orny eýeledi. Aprel aýynyň başynda toparyň başyna wagtlaýyn Frenk Lempard getirilipdi.