Azatlygyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistandaky hassahanalarda pnewmoniýa diagnozy goýulýan näsaglaryň, şol sanda çagalaryň sany köpelýär.Bu aralykda, häkimiýetleriň talaby boýunça geçirilýän synaglaryň sanynyň köpelmegi bilen COVID-19 keseliniň bardygy hem tassyklanýar. Ýurduň içinde keselçiligiň ýaýramagyna garamazdan, Türkmen ýolbaşçylary ýurduň çäginde koronawirusyň bar bolmagyny hatda mümkinçiligini hem ykrar etmäge howlukmaýarlar.
Bu ýagdaý COVID-19-yň Merkezi Aziýada ýaýramagynyň aladaly tendensiýasynyň, şol sanda has howply hindi görnüşiniň dörän wagtynda dowam edýär.
Aşgabadyň Semaşko adyndaky hassahanasy öýken çişmesi bilen kesellänlerden doly, lukmanlar oňyn synaglaryň sanynyň ep-esli artandygyny tassyklaýarlar. Bu barada 25-nji iýunda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary habar berdiler.
Olaryň sözlerine görä, paýtagtyň lukmançylyk edaralarynyň işgärleri iýun aýynda näsag çagalaryň sanynyň köpelendigini aýdýarlar. Aprel aýynda, esasan, mekdep ýaşyna ýetmedik çagalar köp hassalaýardy, maý aýynda 10-12 ýaşly, indi 15-17 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary köp keselleýärler. Lukmanlaryň goýýan esasy diagnozy - pnewmoniýa.
Bu aralykda, ýurtda koronawirus testleri öňküsinden has köp geçirilýär.Synaglar dürli maksatlar, şol sanda ýurduň içinde syýahat etmek üçin zerurdyr.Testler ýalňyş netije hem görkezýär.Test koronawirusyň bardygyny görkezen halatynda adamlar goşmaça test geçirmek üçin ýokanç keseller hassahanasyna iberilýär.
Käwagt ikinji synag negatiw bolýar.Bu ýagdaýda, habarçylaryň aýdyşy ýaly, izolýasiýada bolmaly ýa-da testiň koronawirus ýok diýip görkezen netijesini ýazdyrmak üçin goşmaça tölemeli bolýar.Resmi bolmadyk bu tölegiň ortaça nyrhy 100 dollar.
Welaýatlardaky hassahanalarda-da adam köp. Azatlygyň Marydaky habarçysynyň sözlerine görä, welaýatyň ýokanç keseller hassahanalarynda hassalar köp. Şol bir wagtyň özünde, ilatyň ýene bir bölegi maddy mümkinçilikleriniň ýoklugy sebäpli lukmançylyk edaralaryndan kömek soramaýar.
Lebapda hem COVID-19 boýunça testler geçirilýär, ýöne synaglaryň netijelerinde koronawirus ýok diýlip görkezilýär.
"COVID-19 üçin her gün 400 töweregi synag geçirilýär. Test hemme ýerde, şol sanda demir ýol menzilinde bilet satyn almak üçin talap edilýär. Geçirilen testleriň netijeleri negatiw bolup çykýar, koronawirusyň bardygyny görkezmeýär"-diýip, Azatlygyň Lebapdaky çeşmesi 25-nji iýunda aýtdy.
Pandemiýanyň başyndan bäri şu güne çenli Türkmenistanyň häkimiýetleri ýurtda koronawirus keseliniň ýekeje ýagdaýynyň hasaba alynmandygyny öňe sürseler-de, ýurtda COVID-19 alamatlary bilen geçýän keselçilik dowam edýär. Geçen tomusda köp sanly keselçilik ýagdaýlary we ýokary ölüm derejesi ýüze çykdy. Häkimiýetler şonda-da bu keseli pnewmoniýa diýip atlandyrdy.
"Lukmanlaryň özleri eýýäm tolkunlaryň sany bilen bulaşýarlar. Kimdir biri ilkinji tolkunyň ýurtda 2019-njy ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda bolup geçendigini we kowidiň entek köpçülige mälim bolmadyk wagtynda ýüze çykan bolmagyny çak eýärler, mundan başga 2020-2021-nji ýyllarda esasy tolkunlaryň arasynda has kiçiräk tolkunlaryň bolandygyny pikir edýärler" - diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.
Habarçylaryň saglygy saklaýyş ulgamyndaky çeşmelere salgylanyp, aýtmagyna görä, häzirki döwürde ýurtda ýogalýanlaryň sany geçen ýylyň tomsy bilen deňeşdirilende köp däl. Geçen ýylyň degişli döwründe ölüm wakalary birden köpelipdi, jesetler plastik örtgülere dolanyp jaýlanýardy. Näsaglaryň ölümüniň esasy sebäbi köplenç pnewmoniýa diýlip görkezilýärdi.
Bu aralykda, ýurtda COVID-19 garşy waksinasiýa dowam etdirilýär. Döwlet işgärlerine we töwekgelçilik toparyna girýän raýatlara waksina edilenden soň, indi ýaşy uly adamlara waksina edilýär.
Aşgabatly saglyk işgärleriniň habar bermegine görä, häzir paýtagtda 1965-1966-njy ýyllarda doglan ýaşaýjylara sanjym edilýär. Şol bir wagtyň özünde, habarçylar sanjymdan soň saglyk ýagdaýy düýpgöter ýaramazlaşan adamlar barada habar berýärler.
Türkmenistanyň saglyk işgärleri COVID-19 garşy waksinasiýanyň gidişi barada habar bermeýärler, sanjymyň aýratynlyklaryny we töwekgelçiliklerini düşündirmeýärler. Döwlet habar beriş serişdeleri koronawirus meselesini we koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly dünýädäki wakalary beýan etmeýär.
Paýtagtda ilatyň maska režimini berjaý etmegi baradaky talap ýene-de güýçlendirilýär. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň habar bermegine görä, maska geýmediklere slynýan jerimäniň mukdary 20-den 100 manada çenli ýokarlandyryldy, döwlet işgärleri üçin jerime 1000 manat.
Mundan başga-da, häkimiýetleriň maska režimini bozanlar üçin jerimäni ýokarlandyryp, 1000 manata ýetirmegi we ýollary ýapmak ýaly goşmaça çäklendirmeleri girizilmegi göz öňünde tutýandygyny habar berdiler. Azatlyk Radiosy çäklendiriji çäreleriň güýçlendirilmegine degişli habar berilýän planlar barada resmilerden tassyknama alyp bilmedi.
Rus dilinde hem okaň
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.