Plastikanyň ýerini tutujy poliefir

Alymlar adaty plastikanyň ähli häsiýetlerine laýyk gelýän, emma tebigat üçin howply bolmadyk poliefir döretdiler.Konstanz uniwersitetiniň himikleri çydamly we biodegrirlenip bilýän plastika ýasadylar.Gaýtadan işlenip düzülen poliefir çydamly we durnukly bolup, häsiýetleri HDPE (ýokary dykyzlykly polietilen) plastikasyna meňzeýär, emma çalt zyňylmagyny ýeňilleşdirýän ýörite “arakesme nokatlaryny” öz içine alýar.

Täze plastika poliefir-2,18 iki sany esasy moduldan: iki uglerod atomly gysga diol birligi we 18 uglerod atomy bolan dikarboksil kislotasyndan ybarat.Kristal gurluşy sebäpli mehaniki we ýylylyga durnuklylygyny görkezýär.

Alymlaryň düşündirişine görä, plastikalar monomerler diýlip atlandyrylýan bir ýa-da birnäçe esasy himiki modulyň uzyn zynjyrlaryndan durýar.Ulanylýan plastikalaryň köpüsi ýokary kristallylygy we suwa çydamlylygy bilen häsiýetlendirilýär.Hut şu aýratynlyklar senagatda we gündelik durmuşda plastikany şeýle meşhur edýär, emma tebigy taýdan çüýremegini hem kynlaşdyrýar.

Plastikanyň durnuklylygy we biodegrasiýa taýdan arasyndaky bu laýyk gelmezligi ýeňip geçmek üçin alymlar materiallaryna himiki “nokatlary” goşdular.Fermentleriň täsiri astynda himiki polimerler öňünden kesgitlenen ýerlerde ýok edilýär, bu bolsa gaýtadan işlemegi ep-esli çaltlandyrýar.

Alymlar tebigy fermentler bilen barlaghana synaglaryny we önümçilik kompost zawodynda synaglary geçirdiler.Birnäçe günüň dowamynda poliefir barlaghana synagynda fermentler tarapyndan peseldi.Plastikany doly dargatmak üçin kompost zawodynyň mikroorganizmleri iki aý töweregi wagt aldy.

Himiýa işgärleri gaýtadan işlenen materiallary gaýtadan ulanmagyň usullaryny tapmak üçin täze maddanyň häsiýetlerini öwrenmegi dowam etdirýärler.

Aýgül HALLYÝEWA, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Änewdäki polietilen turbalary öndürýän zawod: wagtyň synagyndan geçen hil
Ummanlardaky plastmassalaryň nirä ýitirim bolýandygy belli boldy
Erdogan 30-njy Mart Halkara 0 Zyňyndy Güni Mynasybetli Gutlag Ýüzlenmesini Berdi
Türkmen öndürijisi Nur Plastik polipropilenden we polietilenden öndürilen senagat gaplamalaryny hödürleýär
Algap öý we täjirçilik maksady bilen peýdalanylýan plastik gap-gaçlaryna arzanladyş yglan edýär
Los-Anjelesde Gremmi baýraklary gowşuryldy