Şu hepdäniň ahyrynda Saturn, Mars, Wenera we Ýupiter planetalary biri-birleriniň deňinde durarlar.Seýrek bolýan bu kosmiki hadysa 23-nji aprelde Aý hem goşular.Oňa tomaşa etmek üçin ir sagat 5 bilen 6 aralygynyň amatly boljakdygy aýdylýar.
Merkuriý planetasy bolsa 24-nji aprelde beýleki asman jisimleriniň düzülen hataryna goşular.Aslynda, bu planetalar Günüň orbitasynda hatara düzülmeýärler.Emma Ýerden seredilende bir hatarda ýaly bolup görünýärler.
Howanyň açyk bolan ýagdaýynda bu hadysany göz bilen hem görüp boljakdygyny, has gowy görmek üçin dürbi ýa-da kiçiräk teleskop ulanmalydygy bellenilýär. Ýupiter Ýere has ýakyn durar.Ondan soňra Wenera, Mars we Saturn görner.
Mundan ozal 2020-nji ýylda Saturn, Ýupiter, Mars we Wenera şeýle ýagdaýda görnüpdi.Olaryň arasynda Wenera has ýagty bolup görner.
Maýa MISEKOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.