PKK/ÝPG, Türkiýäniň berk garşylygyndan soň saýlaw diýilýän oýny yza süşürmäge mejbur boldy

PKK/ÝPG, Türkiýäniň berk garşylygyndan soň saýlaw diýilýän oýny yza süşürmäge mejbur boldy

ABŞ-nyň hemaýatynda Siriýada basyp alan ýerlerinde “gurama” ýerli saýlaw geçirmegi meýilleşdiren terror guramasy PKK/ÝPG, Türkiýäniň berk garşylygyndan soň saýlaw diýilýän oýny yza süşürmäge mejbur boldy.Mundan ozal 11-nji iýunda geçiriljekdigi yglan edilen ýerli saýlawyň 18-nji awgusta süşürilendigi habar berildi.

Terror guramasy Rakkada, Deýrezzorda, Halapda we Hasakada, Gamyşlyda, Aýnal Arapda, Manbijde, Afrin-Al-Şahba bilen Tabka sebitlerini öz içine alýan saýlaw bilen kanuny şert döredip, halkara derejesinde ykrar edilmegiň kül-külüne düşüpdi.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

PKK-nyň Siriýadaky bölümi bolan PÝD/ÝPG häzirki wagtda ýurduň demirgazyk hemde gündogar sebitlerinde 50 müň inedördül kilometrlik territoriýa gözegçilik edýar.Gurama bu ýerlerde hasylly ýerler we akabalar bilen bilelikde esasanda energiýa çeşmelerine hem eýeçilik edýär.

Terror guramasy 2014-nji ýyldan bäri DEAŞ garşy göreş ady astynda ABŞ tarapyndan goldanyp, hemaýat edilýär.Häzirki wagtda müňe golaý amerikan esgeri bilen köp sanly ýörite hakynatutma esger PKK-ny goraýar.

Gurama bolsa günsaýyn syýasylaşyp, özüni halkara taýdan kanuny güýç hökmünde awtanom struktura hökmünde ykrar etmegiň ugrunda. Şonuň üçin iň sonunda saýlaw ýoluny saýlaw aldy.Guramanyň kanun çykaryş organy diýilýän Siriýanyň Demokratik Geňeşi aprel aýynda täze bir saýlaw kanunyny tassyklap, Ýokary saýlaw komissariýatyny döretdi. Şondan soň ýerli saýlawlar üçin ilki 30-njy maý kesgitlendi, soň yza süýşürilip, 11-nji iýuna geçirildi.

Guramanyň meýilleşdirmegine görä 6 uly şäherde, 40 şäherde we 105 etrapda saýlaw geçirilmelidi.Saýlawa 30 syýasy partiýa gatnaşar.Bu sebitler Jazirany, Deýrezory, Rakkany, Ýefrady, Manbiji, Afrin-Şahbany we Tabkany öz içine alýar.

Emma hiç hili demokratik kanunylygy bolmadyk we PKK-nyň ýarag zory bilen geçirilmek islenýän saýlawda SMDK ýaly oppozision kürt toparlar boýkot etme kararyny kabul eden bolsa, arap taýpalary hem beýanatlar berip, “gurama” saýlawyň netijesini kabul etmejekdiklerini duýdurdylar.

Demgrafik taýdan PKK-nyn gözegçiliginde bolan sebitleriň 80 göterimi araplardan ybrat bolsa, bir böleginde türkmenler ýaşaýar.Kürtler kiçijik bölegini emele getirýän bolsa, olaryň esasy bölegi hem PKK garşy durýar.

Türkiýäniň Garşy Göçümi

Ak Tamyn Milli howpsuzlyk geňeşiniň Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika boýunça utgaşdyryjysy Brett MkGork bilen Amerikan Merkezi Güýçleriniň Serkerdeliginiň hemaýat bermeginde alynyp barylýan PKK taslamasyna garşy Türkiýäniň gurajak serhetaşa harby operasiýalary bu guramanyň döwlete öwrülmeginiň öňüni alan hem bolsa, Türkiýe üçin degişli göreş dowam edýär. “Gurama” saýlaw oýny boýunça hem Türkiýäniň berk pozisiýa eýelemedinden soň ABŞ-nyň gysyşy bilen PKK-nyň yza tesip, saýlawy ýene-de bir gezek yza süýşürendigi görüldi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Metbugat sekretary 30-njy maýda geçirilen metbugat ýygnagynda Siriýada geçiriljek saýlawyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň 2254 belgili kararynda beýan edilşi ýaly adalatly, erkin we aç-açan bolmalydygyny, Siriýanyň demirgazyk-gündogaryndaky bar bolan şertleriň saýlawyň şu aýratynlyklarda geçirilmegi üçin amatly däldigini we onuň sebitdäki käbir güýçlere beýan edilendigini aýtdy.

Soň bolsa saýlawyň yzy süýşürilmegi hakynda karar kabul edildi.

Prezident R.T.Erdogan 30-njy maýda EFES-2024 türgenleşiginde beren beýannamasynda; “Terror guramasynyň referendum bahanasy bilen ýurdumyzyň we Siriýanyň territorial bitewiligine garşy kast ediji aksiýalary bilen ýakyndan gyzyklanýarys” diýipdi.

Erdogan şeýle hem; “Türkiýe günorta serhetleriniň düýbünde Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasynyň terroristan gurmagyna asla ýol bermez. Şeýle baş-başdaklyklara garşy ozal näme edilmeli bolsa şony edipdik.

Eger ol gaýtalanan halatynda işe girişmekden çetde durmarys” diýip, degişli ýerlere ýüzlenme berdi.

Terror guramasynyň döwletleşme hyýaly

Birnäçe wagt ozal terror guramasy PKK/ÝPG tarapyndan yglan edilen täze konstitutsiýa bilen Demirgazyk we Gündogar Siriýa Awtanomiýasy diýilýän ýeriň ady “Demirgazyk we Gündogar Siriýa Demokratik Awtanomiýasy” hökmünde üýtgedilipdi.

Täze konstitutsiýanyň kabul edilmeginden soň Siriýanyň Demokratik Geňeşiniň ABŞ-daky wekilhanasy ABŞ-daky meşhur we güýçli “Braunşteýn Haýatt Farber Şrek” atly lobbi firmasy bilen ylalaşyga gol çekdi.Ylalaşygyň birinji maddasy “Demirgazyk we Gündogar Siriýa Demokratik Awtanomiýasynyň” ABŞ tarapyndan resmi taýdan ykrar edilmegi.

Gurama bir tarapdan konstitutsiýany yglan edip, Siriýada guran döwletine konstitutsion esas döreden bolsa, beýleki tarapdan-da halkara arenada ABŞ-nyň üsti bilen tanalmagyň ugrunda. Şeýle hem gurama bu iki sütünli gurluş bilen çäklenmän, ykrar edilmek we kanunylygyny ýola goýmak üçin saýlaw geçirmegiň ugruna çykdy.

Emma Türkiýe bu tagallalaryň maksadyny bilip, Siriýanyň territorial bitewiliginiň goralmagy we öz milli howpsuzlygyny üpjün etme boýunça ygrarly pozisiýasyny dowam etdirýär.Syýasy we harby, ähli serişdeler bilen çäre görmek boýunça güýçli ygtyýarynyň bardygyny görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Erdogan we Blinken Siriýadaky syýasy geçiş tapgyry hem-de Gazadaky genosid hakynda pikir alyşdy
Hakan Fidan Siriýada Saparda Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
MHG Siriýanyň Kamyşly etrabynda möhüm operasiýa geçirdi
Terror Guramasy PKK/ÝPG Ysraýyldan Kömek Sorady
Terror Guramasy PKK/ÝPG Siriýada Asuda Ilatdan 4 Adamy Öldürdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny