PKK/ÝPG Tarapyndan Manbije Guralan Hüjümde 2 Adam Ýogaldy

PKK/ÝPG Tarapyndan Manbije Guralan Hüjümde 2 Adam Ýogaldy

Siriýanyň Halap welaýatynyň Manbiç etrabynda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-li terrorçylar tarapyndan bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde 2 adam ýogaldy, 2 adam hem ýaralandy.

Siriýanyň Milli goşunynyň başladan “Azatlyk Şapagy” operasiýasynyň çäginde 9-njy dekabrda PKK/ÝPG-den saplanan Manbiç etrabynyň merkezinde bomba ýüklenen ulag ýaryldy.

Terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä, 2 adam ýogaldy, 2 adam ýaralandy.

Siriýanyň Milli goşuny hüjümiň PKK/ÝPG-a agza terrorçylar tarapyndan guralandygyny mälim etdi.

Terrorçylar 20-njy dekabrdan bäri etrabyň günorta gündogarynda ýerleşýän Tişrin bendiniň golaýynda Siriýanyň Milli goşunyna garşy hüjümler guraýar.

Ýene degişli makalalar

Katar Manbiçde Guralan Terrorçylykly Hüjümi Ýazgardy
Siriýanyň Manbij etrabynda terrorçylykly hüjüm guraldy
Terrorçylar Zehra Sebat Bilen Serhat Erdogan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 15 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Şiraz Ömer Siriýada Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ýene-de 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi