PKK/ÝPG Siriýanyň Deýr-ez-Zor welaýatynyň merkezine hüjüm gurady

PKK/ÝPG Siriýanyň Deýr-ez-Zor welaýatynyň merkezine hüjüm gurady

Siriýada 27-nji noýabrda gerimi giňän çaknyşyklardan soň, Asada tabynlykdaky güýçleriň özlerine beren Deýr-ez-Zor welaýatynyň merkezini gözegçiligini gorap bilmedik we Arap taýpa-tireler bilen bolan çaknyşyklardan soň, ol ýerden çykmaga mejbur galan terrorçylar şähere ýaňadandan hüjümler guramaga başlady.

Ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň Siriýanyň Deýr-ez-Zor welaýatynyň merkezini basyp almak üçin guran hüjümlerinde asuda ilatdan 10 adam ýogaldy.

Terrorçylaryň guraýan hüjümlerini bellige alan asuda ilatyň sosial mediada paýlaşan materiallarynda, PKK/ÝPG-e agza terrorçylaryň metjitleriň minaralaryndan köçelerdäki adamlara ot açandygyny we raýatlaryň gan içindediklerini görüp bolýar.

Siriýada 27-nji noýabrda Asada tabynlykdaky güýçler bilen ýaragly toparlaryň arasyndaky çaknyşyklaryň gerimi giňäpdi.

Paýtagt Damask şäherine 7-nji dekabrda girmäge başlan toparlara halk köpçüliginiň hem goldaw bermegi bilen režim, ol ýerde we ýurduň beýleki ençeme ýerinde gözegçiligi elinden aldyryp, dolulygyna çöküpdi.

8-nji noýabrda bolsa Baas partiýasynyň ýurtdaky 61 ýyllyk häkimiýetiniň tamamlanmagy bilen birlikde, režimiň lideri Başar Asad ýurduň paýtagtyndan gaçypdy.

Ýene degişli makalalar

“Siriýa Bilen Türkiýe Täze Taryh Ýazdy”
Terror Guramasy PKK/ÝPG Ysraýyldan Kömek Sorady
ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Siriýada Saparda Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny