“PKK/ÝPG-ny Ýakynda Sebitden Kowup Çykararys”

“PKK/ÝPG-ny Ýakynda Sebitden Kowup Çykararys”

Prezident R. T. Erdogan, Siriýanyň demirgazygyny basyp alan terror guramasy PKK/ÝPG-nyň ýakyndn sebitden çykaryljakdygyny aýtdy.

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdogan, partiýasynyň Kaýseride geçirlen gurultaýyna gatnaşdy.

Taryhyň Siriýa meselesinde özleriniň mamladygyny görkezendigine ünsi çeken Erdogan, Siriýadaky ähli terror guramalarynyň sebitden dolulygyna çykarylmagyny maksat edinýäris. Biz milli howpsuzlygyzyň, goňşularymyzyň territorial bitewiliginiň we syýasy jebisliginiň hem-de içerki barlyşygyň ýola goýulmagynyň öňündäki ähli bökdençlikleri ortadan aýyrmagy maksat edinýäris” diýdi.

Prezident Erdogan “DEAŞ bahanasy bilen sebitimizi jänneme öwürenler bu gezek maksadyna ýetip bilmezler. Terror guramasy ÝPG Siriýanyň howpsuzlygynyň öňündäki iň uly bökdençliklerden biribir. Terror guramasynyň dolulygyny sebitden çykarylmagyny ýola goýarys” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Terrorçylar Zehra Sebat Bilen Serhat Erdogan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
Siriýadan Türkiýä Taryhy Sapar Guraldy
Terror Guramasy PKK, Siriýada Asuda Ilaty Nyşana Aldy
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Ýene-de 15 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi