PKK/ÝPG Gaziantep welaýatynyň Karkamyş etrabyna raketalar bilen hüjüm gurady

PKK/ÝPG Gaziantep welaýatynyň Karkamyş etrabyna raketalar bilen hüjüm gurady

Siriýanyň Aýn Al Arap sebitindäki ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza terrorçylar tarapyndan Türkiyäniň Gaziantep welaýatynyň Karkamyş etrabyna raketalar bilen guralan hüjümlerde 3 adamyň ýogalandygy, 10 adamyň hem ýaralanandygy habar berildi.

Terrorçylar tarapyndan atylan raketalar liseýe, 2 aýry öýe we Karkamyş gümrük geçelgesiniň golaýyndaky ýük ulagyna degdi.

Sebite howpsuzlyk güýçleri bilen tiz kömek ulaglary gönükdirildi.

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu: "Karkamyş etrabynda minomýotlar bilen guralan hüjümde 3 raýatymyz ýogaldy. Ýogalanlaryň 1-i mugallym, 1-i okuwçy. 10 raýatymyz bolsa ýaralandy" diýip habar berdi.

Süleýman Soýlu: "Milletimize şuny aýtmak isleýäris, düýn başlanan we terror guramasynyň uly ýitgiler çeken operasiýadan soň, guralan bu hüjümlere iň berk ýagdaýda jogap beriler we gerek bolan ädimler ediler. Terror guramasyna hem ýurdumyzyň çäklerinde hem-de daşary ýurtda ýaşamak üçin hiç hili mümkinçilik bermeris" diýip mälim etdi.

Gaziantep welaýatynyň häkimi Dawut Gül, sebite 5 minomýot raketasy bilen hüjüm guralandygyny habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Terrorçy Saliha Akbyýyk Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi
Terrorizme Garşy Göreş Dowam Edýär
Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär
Ýene-de 16 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Soňky 1 Hepde-de 73 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi