“PKK-nyň Yrakda Iş Alyp Barmagy Bizi Biynjalyk Edýär"

“PKK-nyň Yrakda Iş Alyp Barmagy Bizi Biynjalyk Edýär"

Yragyň Goranmak ministri Sabit Abbasy, terror guramasy PKK-nyň ýurtda iş barmagynyň we ýurduň günortasynda ýerleşýän käbir şäherlerde ýaşlary guramanyň hataryna almagynyň Yragyň hökümetini biynjalyk edýändigini aýtdy.

Abbasy metbugata beren beýannamasynda, terror guramasy PKK-nyň Yrakda iş barmagy barada hem durup geçdi.

“Türk tarapy PKK-nyň Yrakda iş alyp barmagyna uly alada bildirýär” diýen Abbasy, “Yrak, kanunlaryna laýyklykda PKK bilen arabaglanşykly partiýalaryň ýapylmagy boýunça karar kabul etdi. Yragyň hökümeti, PKK-nyň ýurtda iş alyp barmagyna we ýurduň günortasynda ýerleşýän Semawe we Nasiriýe şäherlerinden ýaşlaryň guramanyň hataryna goşulmagyna garşy durýar we bu mesele bizi biynjalyk etmäge başlady” diýdi.

Abbas, Türkiýe bilen howpsuzlyk şertnamasyny baglaşmak isleýändiklerine ünsi çekdi.

Ýene degişli makalalar

Yrakda we Siriýada PKK-a agza 9 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Milli Howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi
Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugy Siriýada möhüm operasiýa geçirdi
Hakan Fidan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Terrorçy Yslam Dotkanlou Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
PKK-ly 6 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda PKK-a agza 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi