“Pixar”-yň iň köp girdeji gazanan multfilmi boldy

Häzirki wagtda ekranlarda görkezilýän we ýylyň girdejisini 1 milliard dollardan geçiren ilkinji ekran eseri bolan “Inside Out 2” animasiýa kassa ýygymyny toplamagyny dowam edýär.Ekranlara çykanyna 1 aýdan gowrak wagt geçen animasiýanyň prokatlardan toplany 1 milliard 371 million dollardan geçdi. 200 million dollar býujetli multfilme Kelsi Mann režissýorlyk edip, ekran eseri birnäçe statistikada öňe saýlandy.

Iň çalt 1 milliard dollar gazanan animasiýa bolan “Inside Out 2” multfilminiň bu görkezijä ýetmegi üçin 19 gün ýeterlik boldy.Ol bu ugurda “Şa ýolbars” multfilminiň rekordyny täzeledi (21 gün).

Umumylykda 1 milliard dollardan köp girdeji gazanan 54-nji ekran eseri bolan “Inside Out 2” multfilmi öndürijisi “Pixar”-yň rekordyny hem täzeledi. “Inside Out 2” multfilmi “Pixar”-yň iň köp girdeji gazanan animasiýasy boldy.

Bu ugurda “Super maşgala” (Incredibles 2) animasiýasy 1 milliard 242 million dollar bilen birinji orunda barýardy.

Animasiýa ugry boýunça ähli baýraklaryň hem birinji derejeli hyrydary hasaplanýan “Inside Out 2” iň köp girdeji gazanan multfilmleriň sanawynda 3-nji orny eýeleýär.Ondan öňde “Doňaklyk 2” (Frozen II) hem-de “Şa ýolbars” (The Lion King) animasiýalary bar.

Ol şol bir wagtyň özünde iň köp girdeji gazanan filmleriň sanawynda 16-njy bolup, animasiýanyň 2 sanawda-da ornuny has ýokarlara çykarmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”
Ilkinji emeli hemrasyny uçurdy
Çip önümçiligini artdyrar
Deňizde öndürilen energiýa kenara getiriler
Ilon Mask Teslanyň 3,6 milliard dollarlyk paýnamalaryny satdy
Apple dünýäniň iň täsirli brendleriniň sanawynda öňe çykdy