Germaniýanyň goranmak ministri Boris Pistorius ýurduň paýtagty Berlin şäherinde Fransiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Polşanyň goranmak ministrleri we Italiýanyň Goranmak ministrliginiň geňeşçisi Isabelle Rauti bilen duşuşyk geçirip, Ýewropanyň goranyş ukyby we Ukraina goldawy barada pikir alyşdy.
Ukrainanyň Goranmak ministri Rüstem Umerowyň hem gysga wagt gatnaşan maslahatdan soň geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş eden Boris Pistorius: "ABŞ-nyň täze prezident Donald Trump we täze hökümet bilen käbir zatlaryň üýtgejekdigi äşgärdir. Munuň üçin näçe ir taýýarlansak, şonça gowy bolar" diýip habar berdi.
Russiýanyň Ukrainada agressiw ýagdaýda öňe gidişlik edýändigini, esasan hem infrastruktura garşy howa hüjümlerini guraýandygyny we her gün müňlerçe adamyň ýogalýandygyny aýdan Pistorius: "Hakykat, Russiýanyň aýlawlaýyn ýa-da gönüden haýbat atyjy çemeleşmesi hem şol bir wagtda bize gönükdirilendir" diýip belledi.
Germaniýanyň ministri Moskwanyň soňky wagtlarda beren beýanatlarynyň muny açyk görkezýändigini belläp: "Arka tarapda ýa-da söweş meýdanynda başdan geçirilýänlere ser salynanda, Russiýanyň Ukraina garşy söweşi indi sebitleýin çaknyşyk däl. Ol halkara derejä eýe boldy" diýip mälim etdi.
Germaniýanyň Goranmak ministri Pistoruis Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Demirgazyk Koreýadan alan 10 müň esgeriniň her biri üçin 2 müň ýewro töländigini öňe sürdi.
Boris Pistorius Putiniň dartgynlygy güýçlendirýändigini we orta aralykly raketalary ulanýandygyny, doňdurylan rus emläklerinden alnan göterim girdejisi bilen Ukraina üçin ýarag önümçiligini güýçlendirmäge dowam etjekdiklerini habar berdi.
Ukrainany goldaýan ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň artjakdygyny aýdan Pistorius, emeli intellekt bilen ugrukdyrylýan uçarmansyz howa ulaglaryny özgertmegi we üpjün etmegi, şeýle hem ok-däri satyn almak boýunça hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirilýändigini aýan etdi.
Pistoruis: "Biziň maksadymyz, Ukrainanyň güýçli pozisiýadan hereket edip bilmegidir" diýip habar berdi.
Goranyş ulgamynda başarnyklary ösdürmegiň zerurdygyna ünsleri çeken Pistorius: "Bilelikde has köp ýarag ulgamyny özgertmelidiris, öndürmelidiris we üpjün etmelidiris. Bu babatda şu gün şolar boýunça ylalaşyk gazandyk" diýip nygtady.