Bathyz goraghanasynyň aýratyn haýran galdyryjy gözellikleriniň biri hem pisse tokaýlygydyr. Pisseleriň emeli däl-de tebigy taýdan bitmegi türkmen tebigatynyň bir gudratydyr.
Pisse hozlar maşgalasyna degişli bolup, ähli topraklarda ösmäge ukyplydyr.Tebigy pisselikler Merkezi Aziýada, Zakawkaziýada, Krymda duşýar.Merkezi Aziýada uly pisseli ýerler Täjigistanda, günorta Özbegistanda, Türkmenistanda, Gyrgyz Respublikasynda bar.
Bir gektara deň bolan tebigy pisselik ýerlerde 100-180 düýpden gowrak pisse agajy ösýär.Pisse tokaýlygy daş görnüşi boýunça sawanna meňzeşdir.Agaçlar biri-birinden has açyklykda ösüp, olaryň şahalary beýlekileriňki bilen galtaşmaýar.
Pisse agajy 300-500 ýyla çenli ýaşap bilýär.
Pisse gadym eýýamlardan bäri ynsan saglygyna peýda berýän täsin ösümlikdir. Pisse agajy baradaky ýatlamalar baryp biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda hem duş gelýär. Rimliler özüniň Aziýa eden ýörişlerinde pissäni Italiýa getiripdirler, ol ýerden bolsa Ispaniýa äkidilipdir. X asyrda pisse agajy Merkezi we Demirgazyk Amerika düşüpdir.
Pisse agajy gurakçylyga örän çydamly hasaplanylýar. Bu agajyň boýy 6-7, kähalatlarda 10 metre çenli ýetýär. Gyrymsy görnüşleri köp baldakly bolup, boýy 2-3 metre barabardyr. Pisse agajynyň gabarasy uly, köp pudakly, şar şekilli bolup, onuň diametri 5-6, kähalatlar-da 10 metre ýetýär. Ýapraklary açyk ýaşyl reňkli bolup, gülleri sübselik şekilli gül topbagynda jemlenendir.
Miwesi ýukajyk miweýanly şänik, uzynlygy 17 millimetre barabar bolup, awgust aýynda ýetişýär.Ortaça hasyllylygy bir düýp agaçdan 1-6 kilogram, ýokary hasyllylyk 15 kilogramdan gowrak bolýar. 60-80 ýaşly pisseler köp hasyl berýärler.
Pissäniň baldaklary örän gaty, agyr, goňur reňkli bolup, ýalpyldawuk bolýar. Şol sebäpli baldaklary mebel senagatynda ulanylýar.Pissäniň köki onuň ýer üsti organlaryndan çalt ösýär.Köp ýaşan pisseleriň kökleri 7-10 metr çuňluga gidýär.
Pissäniň miwesi dünýä bazarynda iň bir gymmatly miwe hasaplanýar.Onda günebakardakydan 1,5-2 esse köp ýag bolup, onuň tagamy ýokary hilli hoz we zeýtun ýaglarynyňkydan pes däldir.
Pissäniň maňzynda 24% belok, 13% uglewod, 60-80% ýag bar. Şol sebäpli onuň miwesi azyk we konditer önümlerinde giňden ulanylýar.
Pisse hozjagazlary şol durşuna we duzlanan görnüşde iýilýär, şonuň ýaly-da süýjülikleri, şokoladlary, doňdurmalary, şöhladyň ýokary sortlaryny taýýarlamakda ulanylýar.Pissäniň miwesinden başga-da terraktin atly şepbigi gymmatly zat hasaplanýar we ýokary hilli çeperçilik reňkleri öndürmekde ulanylýar.
Pisse agajynyň ýapraklaryndaky düwürli ösüntgilerden (buzgunç) eýleýji maddalar alnyp, haly dokalanda ýüňi we ýüpegi gyrmyzy-goýy gyzyl reňke boýamak üçin ulanylypdyr.Pisse önümleri halk lukmançylygynda aşgazan, öýken, bagyr kesellerini bejermekde giňden ulanylýar.
Haýytbaý Gylyjow,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty, dosent.