Pissäniň tejribe nusgalary Botanika bagynyň alymlaryny ýokary hasyllylygy bilen begendirdi

Pissäniň tebigatda saklanyp galmagyny gazanmak, şeýle hem bioköpdürlüligi saklamak-- onuň bilen iýmitlnýän haýwanalry goramak maksady bilen hünärmenler olaryň ösýän ýeriniň çägini giňeltmek boýunça iş geçirýärler. Bu ösümlik ýagşy suwarylyp ideg edilende, topragy gowy bolanda üýtgeşik sypatlary ýüze çykýar. Medenýetleşdirlen pisseleriň miwesi iri bolsa-da, olar ýokumlylygy we tagamy babatda ýabany görnüşinden pes gelýär.

Ýurdumyzda alymlar onuň medeniýetleşdirilen görnüşlerini ýabanylary bilen çaknyşdyryp, iri hem tagamlyk sypatlary saklanyp galýan görnüşlerini döretmek boýunça iş alyp barýarlar.Munuň üçin Biologiýa we dermanlyk ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň hünärmenleri ekologlar we agaç ekýänler bilen hyzmatdaşlykda köp ýyl bäri ylmy barlaglary alyp barýarlar, olar pissäni medeni zolaklarda hem, dag eteklerinde hem oturtýarlar. Ösümligiň peýdaly sypatlarynyň barlagy onuň nahalyny we tohumyny saýlap almak, sapmak we alyşmak esasynda amala aşyrylýar, alymlara olary pissäniň tebigy şertlerde ösýän ýerlerinden yzygideerli iberýäler.

Hakyky pisse has köp ulanylýar, onuň nahaly nahlhanalaryň birnäçesinde ýetişdirilýär.Tokaýtohumçylygy we tebigy baglary goramak boýunça gözegçilik gullugynyň işgärleri dag etekleriniňkä golaý toprak-howa şertlerinde nahallary sowly ýetişdirýärler.

Bu ýerde Gözegçilik edarasynyň Giňdiwar“,“Ak tokaý“, Asma ýol“ bölümlerinde, goraghanalaryň aralyk çägindäki ýerlerde , şeýle hem agaç ekijiler kr ýaly 2-3 ýyllyk nahallar ýetişdirilýär.Her ýyl onlarça gektar ýere Türkmenistanda seýre ösýän ösümlikleri, ilinji nobatda pisse nahallary ekilýär. Şeýlelik bilen gymmatly agaç nahallary ekilen garyşyk emeli tokaý kemala getirilýär.

Ençeme ýyl mundan ozal gözegçilik edarasy Botanika bagyna nahallaryň birnäçesini berdi, olar dag eteklerindäki ýerlere ekildi.Ilkinji on ýylda gowy gögeren agaçlaryň boýy bir ýarym metre ýetdi. Şonda olar ilkinji gezek gülledi we miwe berdi, her agaçdan bir gysym pisse alyndy.

Soňky ýyllarda oňa ýeterlik ideg edildi, dürli agrotehiki çäreler geçirildi, dökün berildi, suwaryldy, otaldy.Indi 25-27 ýaşly pisse agaçlary özüni tutdy, olaryň boýy dört metrden alty metre ýetdi. Şu ýylyň apelinde agaçlaryň ählisi gülledi, sentýabra miwe berdi.

Olar tohum almak üçin ýygylar.

Merkezi Aziýadaky häzirki tebigy sähraýy pisse tokaýlary gadym döwürlerde giň ýaýran jeňňeliklerinden galanlarydyr.Türkmenistanda olaryň iki görnüşi—hakyky we Badhyz pissesi gabat gelýär, Ortaýer deňzinde we Aziýada olaryň seýrek ösýän ýerlerinde 20-ä golaý görnüşi bar. Alymlar ýabany pissäniň tebigy şertlerde ösýän ýerlerini öwrenýärler, onuň medeniýetleşdirilen görnüşlerini köpeltmek üçin onuň iýmitlik, dermanlyk we biogenetik sypatlaryna ýokary baha berýärler.

Biziň ýurdumyzda onuň tebigy jeňňellikleri döwlet tebigy goraghanalarynda goralýar, has gadymy sähraýy görnüşleri Badhyzda duş gelýär, Günorta-Günbatar we Gündogar Köpetdagda, şeýle hem Köýtendagda kiçeňräk meýdanlarda ösýär.Köpýyllyk emeli tokaý baglary ylmy, agaç ekmeklik we gözellik maksatlary üçin Aşgabadyň golaýynda, Köpetdagyň eteginde döredili.

Badhyzdaky pisselikleri ilkinjileriň biri bolup alym Igor linçewkiý, ondan birz soňra Orta Azýanyň, şol sanda Badhyzyň pisseliklerini öwrenen botanikaçy Konstantin Popow dagy ýazyp beýan etdiler.

Ýurdumyzda pisse türkmen ortadaglykdan belentde ösmeýär, olaryň ýanynda guraklyga durnukly tokaý osümlikleri, meselem türkmen badamy ösýär. Çölleşen pisseleriň golaýynda ýowşan ýaly ösümlikler ösýär.Pissäniň ýabany görnüşi köplenç köpşahaly pessejik agaçlardyr ýa-da gür ýaprakly gyrymsy ösümlikdir, ýaş baglar has garamtyl reňkli bolýr. Ýapraklary, hamala iki-üç ýaprakdan ýasalan ýaly öte dykyz bolýar.

Miwesi tagamly, düzüminde ösümlik ýaglary, uglewodlar we mineral maddalardyr witaminler kän.Ayklyk häsiýeti boýunça hozdan we badamdan ýokarydyr.Onuň ösümlik bölegi reňk, aşgar, ýlpyldyly reňkleri öndürmekde ulanylýar.

Ýene degişli makalalar

Pisse ösdürip ýetişdirmek boýunça duşuşyk geçirildi
Pisse saglyk üçin peýdaly miwe
Mary welaýatynyň häkiminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hyrat welaýatyna sapar amala aşyrdy
Mary: Partlama sesleri ýerli ýaşaýjylary ynjalykdan gaçyrýar
Türkmenistan 2024-nji ýylda Owganystana 1,8 milliard kWt elektrik energiýasyny iberer