Pişik ýaly pandajyk

Tebigy şertlerde ýaşaýan uly pandalar diňe Hytaýda duş gelýär.Bu pandalar aýynyň bir görnüşi hasaplanýar.Adaty pandalaryň ýaşaýan tebigatynda gyzyl panda atly ýene bir jandar ýaşaýar.

Iki görnüşi bolan gyzyl panda hem ala reňkli bolup, tilkä meňzeýär.Pişikler ýaly bedenini ýalap arassalaýandygy üçin bu jandarlara pişik pandasy hem diýilýär.Gimalaý daglarynyň gündogar eteklerindäki tokaýlarda ýaşaýan gyzyl pandalar deňiz derejesinden has beýikdäki bambuk tokaýlarynda mesgen tutunypdyrlar.

Bu jandary ilkinji gezek 1825-nji ýylda fransuz zoology Frederik Kýuwýe anyklaýar.Ol bu jandara iň owadan jandar diýip baha berýär. Şol sebäpli alym oňa latynça ot reňkli ýa-da ýalpyldaýan pişik manysyny berýän Ailurus fulgens diýip at dakýar.

Aslynda ala reňkli adaty uly pandalar gyzyl pandalardan has giç anyklanýar. Şeýle bolansoň, ilki gyzyl panda at dakylýar.Soňra gyzyl panda meňzeşdigi sebäpli ala panda at berilýär.Gyzyl pandalaryň ululygy adaty pişik ýalyrak bolýar.

Bedeniniň uzynlygy 65 santimetr, guýrugy 60 santimetr çemesi bolýar.Agramy 6 kilogram töweregi bolýan pandalar ortaça 23 ýyl ýaşaýar.Gyzyl pandalaryň possunynda ak reňkli özboluşly nagyşlary bolýar.

Gür tüýli guýrugynda bolsa alty öwüşginli reňk bolýar.Bu bolsa, olaryň agaç şahalarynyň arasynda görünmezligini üpjün edýär.Galyň tüýi bedeniniň ähli ýerini, şol sanda penjelerini hem örtýär.

Bu bolsa, gyşyň gazaply sowugyndan goraýar.

Gyzyl pandalaryň penjesiniň sähel ýokarsynda goşmaça penjesi hem bar. Bu penje arkaly panda agaç şahalaryna mäkäm ýapyşýar. Şeýlelikde, bu jandar agaçdan aşaklygyna düşüp bilýän az sanly haýwanyň biridir.

Uly we gyzyl pandalaryň iki görnüşi hem Hytaýda ýaşap, bambuk bilen iýmitlenýän hem bolsa, zoologiýa taýdan olar bir maşgala degişli hasaplanmaýar. Uly pandalar aýylar bilen, gyzyl pandalar bolsa, ýenotlar bilen urugdaş hasaplanýar.

2020-nji ýylda hytaý gyzyl pandasy bilen Gimalaý gyzyl pandasynyň başga görnüşlerdigi ýüze çykaryldy.Olaryň derisindäki nagyşlaryň başgaçadygy sebäpli bilermenler köp wagtdan bäri olaryň görnüşleriniň hem aýrybaşga bolup biljekdigini çaklaýardylar.

Has kiçi bolan gyzyl pandalar Hytaýyň, Hindistanyň, Mýanmanyň we Nepalyň daglaryndaky tokaýlarda ýaşaýarlar. Ýer ýüzünde janly tebigatda 10 müň töweregi gyzyl pandanyň bardygy bellenilýär.Bu pandalaryň iki görnüşiniň hem sanynyň köpeldilmegi üçin tagalla edilýär.

Ýene degişli makalalar

Grandala gögümtil we goňrumtyl guşlar
Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder
Iň köp gepleşilýän diller
Astanada ŞHG-niň Liderleriniň sammiti başlady
Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
“E” toparçada Türkmenistanyň ýygyndysynyň soňky bäsdeşi hem belli boldy