Pirimine çolaşan möjek (Erteki)

Gadym zamanlarda bir horaz bar eken. Günleriň bir güni ýaňky horaz agajyň üstünde daş-töweregini synlap otyrka, onuň ýanyna bir hyrsyz möjek gelipdir. Möjek:

Aý, horaz dost!Sag-gurgunmysyň, how?Men saňa tokaýdan hoş habar getirdim. Şu günden şeýläk guşlar bilen ýyrtyjylaryň arasyndaky agzalalyk geçmişde galyp, diňe parahatçylyk höküm sürer.Indi olar biri-biri bilen diňe agzybirlikde we asudalykda ýaşarlar. Şonuň üçin gel, ikimiz dost bolaly!

Indi sen dostjan, göwnüňe hiç hili güman getirme-de, arkaýyn aşak düş diýip, horazy ýalana gümra edip, lak-luk atmakçy bolýar.

Horaz möjegiň göwün ýüwürdişi ýaly gaty bir nadan hem däl eken. Möjegiň albaýyna düşünen horaz, möjegi öz ýalanyna çolaşdyrmagy ýüregine düwüpdir:

Möjek dost, siz örän dogry aýdýarsyňyz.Men ýaňy howluda iým çokalap ýörkäm iki köpegiň özara gürrüňine diň saldym. Şonda olar hem seniň aýdyşyň ýaly ýyrtyjylar bilen öý jandarlarynyň arasynda mundan beýläk diňe imisalalyk we asudalyk boljakdygy barada gürrüň gozgadylar.

Olar ýene-de az salymdan şu agajyň saýasynda jemlenişip, köpekler we möjekler bolup kowalaşdym oýnajakdyklaryny hem ýatlatdylar.Eger-de sen biraz sabyr etseň, basym köpeklerem bu ýere geler, onsoň hemmämiz bileje kowalaşdym oýnarys diýip, sypaýylyk bilen petekesini gabardypdyr.

Möjek horazdan bu gepi eşiden dessine guýrugyny ýamzyna gysyp gaçmak bilen bolupdyr. Möjegiň bolup barşyna gülküsi tutan horaz:

Haý, möjek dost! Sen indi nirä gaçyp barýaň, indi biziň aramyzda parahatlyk höküm sürýär ahyryn diýip, gygyldapdyr. Möjek:

Aý, gardaş, men-ä dogrusy, köpekler bilen möjekleriň arasynda asudalyk bolupdyr diýip, hiç haçan hem eşitmändim. Şonuň üçin köpekler bu ýere gelse aramyzda rahatlyk galmaz diýip, badyny gowşatman ýazzyny beripdir. Horaz bolsa möjegiň hile-pirimlerini paş edendigine monça bolup, gygyldamaga başlapdyr:

Gyk-gy-gy-ky-y-y…

Rastyny aýdan gutular, ýalan sözlän tutular.

Ýene degişli makalalar

MÖJEK BILEN TILKINIŇ DOSTLUGY
Ýylyň iň gowy 10 filmi
ÇOPAN BILEN MÖJEK(Türkmen milli oýny)
Nemes operasy we rus romantizmi: Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestriň täze konserti
Puşkin adyndaky teatrynyň täze oýny maşgala gymmatlyklary barada
Bulary bilýärmisiňiz?