Pilleriň holtumynyň ähmiýeti

Alymlar pilleriň holtumynyň aýratynlyklary barada ylmy-barlag işlerini geçirdiler. Şonuň netijesinde, pilleriň holtumy bilen iýmitleri haýsy tizlikde özüne çekip alýandygy mälim edildi.Piller her gün 140 kilogram iýmit iýýär.

ABŞ-nyň Jorjiýa tehnologiýa institutynyň alymlary Atlantadaky haýwanat bagynda birnäçe synag işlerini geçirdiler. Şonuň çäklerinde alymlar pillere dürli ululykdaky iýmitleri berdiler we olaryň şol iýmitleri holtumy bilen çekip almak işini yzarladylar.

Netijede, pilleriň iýmitiň ownuk böleklerini hem holtumy bilen sorup alýandygy anyklandy.Bu synagda iýmiti sorup almagyň tizligi hem barlandy.Piller suwuk iýmiti 536 kilometr/sagat tizlik bilen sorup alýan eken.

Munuň adamyň asgyrmagyndan 30 esse çaltdygy kesgitlendi.

Ýusup HALLYÝEW,

S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Trampyň ABŞ-da Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmak mümkinçiligi 50 göterimden geçýär
Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar
Italiýanyň Frozinone şäheriniň Şekillendiriş sungaty akademiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
Dünýäniň iň uly buz bölegi hereket edip başlady
Türkiyäniň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitine gatnaşýar
Italiýada gidroelektrik desgasynda bolan partlamada 4 adam ýogaldy