Piller barada nämeler bilýäris?

Piller gury ýerdäki iň uly jandarlaryň biri hasaplanýar.Uzyn holtumly jandarlar Afrikada we Aziýada duş gelip, aziýa pilleri kiçiräk bolýar.Pilleriň esasy aýratynlygy uzyn holtumynyň (burun) bolmagydyr.

Holtumy bilen dem alyp, yslary saýgaryp, suw içip, iýmit iýip, gerek zadyny tutup hem-de dürli sesleri çykaryp bilýän pilleriň uzyn burnunda 40 müň myşsa bar.Aziýa pilleriniň holtumynyň ujunda Afrika pilinden tapawutlylykda barmaga meňzeş myşsasy bar.

Bu myşsa kiçijik zatlary tutmaga ýardam edýär.Piliň iň berk süňkleri burnunyň ýanyndaky gyýak şahlary hasaplanýar.Bu uly süýdemdirijileriň ýaşyny şahynyň uzynlygyna görä saýgaryp bolýar.

Maşgala bolup ýaşaýan duýguçyl süýdemdirijiler hasaplanýan piller biri-birini gorap gezýärler.Eger-de biri-birini ýitirseler, dürli sesleri çykaryp, daş-töwerekden gözleýärler.Piller begenip ýa-da gynanyp, hatda aglap hem bilýärler.

Uzyn holtumly bu jandarlar 70 ýyla çenli ýaşaýarlar.Pilleriň 2,5 santimetr galyňlykdaky derisi yssydan we sowukdan goranmagyny üpjün edýär. Ýatkeşligi örän ýiti bolup, adamlaryň ýüzüni gowy ýatda saklaýan pil böküp bilmeýän ýeke-täk jandardyr. Ýöne muňa garamazdan sagatda 25-40 kilometr tizlik bilen ylgap bilýän bu jandarlar gije-gündiziň dowamynda 4 sagat uklaýarlar.

Piller ökde ýüzüjiler bolup, 70 kilometr aralygy ýadaman ýüzüp geçip bilýärler.

Piller dürli miweler, agaçlaryň ýapraklary, kökleri we gabyklary bilen iýmitlenýärler. Bu uly süýdemdirijiler ýaşaýan ýerine baglylykda bir günüň dowamynda 136 kilogramdan 450 kilograma

çenli iýmit iýip bilýärler.Iýmit tapmak üçin köp aralyga ýöreýän bu jandarlar 100-300 litre çenli suw içýärler.Esasan hem, ene piller kiçijik piljagazlara iýmit tapyp bermek üçin esli menzil geçýärler. Ýaňy doglan piljagazyň agramy 100-120 kilogram töweregi bolup, boýy bir metre golaý bolýar. Ýelken ýaly gulakly bu jandarlaryň beýnileri örän uly bolup, 6 kilograma ýetýär.

Piller haýwanat dünýäsinde iň akylly jandarlaryň biri hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat — Awaza ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň petekleri onlaýn satuwa çykaryldy
1-nji iýundan Aşgabat bilen Awazanyň arasynda awtobus gatnawy ýola goýlar
01.11.2017 | Awazada halkara syýahatçylyk maslahaty açyldy
02.12.2017 | Aşgabatda önümçiligiň tehnologiýalarynyň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy
Türkmen paýtagtynda açylan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan sergi tehnologiýadaky öňe gidişligi görkezdi