Pikirsoraşma Ärdoganyň ikinji tapgyrda ýeňiş gazanjakdygyny görkezdi

Pikirsoraşma Ärdoganyň ikinji tapgyrda ýeňiş gazanjakdygyny görkezdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan döwlet Baştutanynyň saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda öz garşydaşy Kemal Kylyçdarogludan ýeňiş gazanyp biler. Muňa Areda Survey merkeziniň geçiren pikirsoraşmasynyň netijeleri güwä geçýär diýip, RIA Nowosti ýazýar.

Alnan maglumatlara laýyklykda, Ärdogana pikiri soralanlaryň 52,4, Kylyçdarogluna 47,6 göterimi ses bermäge taýyn.

Interfax.ru habarlar gullugy bolsa Türkiýede geçen saýlawlaryň birinji tapgyrynda ATA bileleşiginden dalaşgärlik eden Sinan Oganyň ikinji tapgyrda Ärdogany goldap ses bermekçidigini ýazýar. Neşir bu babatda ýerli Hürriyet gazetine salgylanýar.

Ogan saýlawlaryň birinji tapgyrynda 5 göterim töweregi ses alypdy, onuň tarapdarlarynyň sesi Ärdogan üçin möhüm bolup durýar.

Türkiýede Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry 28-nji maýda geçer.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Halkara ulag maslahaty - daşary ýurt metbugatynda
ULAG ULGAMYNDA IŞJEŇ HYZMATDAŞLYK
19.12.2018 | Pudaklaýyn forumlar — 2018: Ählumumy logistika we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary
13.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk
Türkmen studenti tapan sistema ýalňyşy üçin Apple kompaniýasyndan 25 müň lira baýrak aldy