Ostindäki Tehas uniwersitetiniň (UT Austin) barlagçylary adam beýnisiniň işjeňliginiň şekillerini duýup,
olary ýazga öwürýän ulgam döretdiler. Ol gepleýiş ukybyny ýitiren (mysal üçin, insultdan soň), ýöne aňy
ýerindäkilere kömek etmek üçin döredildi. Bu barada uniwersitetiň web sahypasynda aýdylýar.