Pikassonyň eseri BMG gaýtarylyp berildi

Pikassonyň eseri BMG gaýtarylyp berildi

J. de la Baume-Durrbach tikinçilik kärhanasy tarapyndan nusgawy suratkeş Pablo Pikassonyň Gernika atly nakgaşlyk eseriniň nusgalygy dokalan gobelen eser bir ýyl arakesmeden soňra Birleşen Milletler Guramasyna gaýtarylyp berildi. Bu barada Interfaks ýazýar.

Gobeleni geçen şenbede BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň dälizinde ýerleşdirdiler.

Eser 1955-nji ýylda ABŞ-nyň öňki wise-prezidenti we Nýu-Ýorkuň gubernatory Nelson Rokfeller tarapyndan sargyt edilipdir we 1984-nji ýylda BMG-ä sowgat berlipdir. Geçen ýyl onuň eýesi Nelson A.Rokfellerleriň kiçisi sungat eserini Milletler Bileleşigine gaýtaryp bermekçidigini duýdurypdyr.

Guramanyň baş sekretary Antoniu Guterriş munuň üçin kiçi Rokfellere minnetdarlyk bildirdi.

Pikassonyň Gernika eseriniň asyl nusgasy Ispaniýada saklanýar. Eserde nemes awiasiýasynyň 1937-nji ýylyň raýatlyk urşy wagtynda Gernika ispan şäherini bombalamagynyň harabalary şekillendirilýär. Eser boýunça gobelen işini Pikassonyň ýolbaşçylygynda 1955-nji ýylda döredipdirler.

Ýene degişli makalalar

Paýhaslar
Ronaldo 5-nji gezek Ýewropa çempionatynda, Portugaliýanyň ýygyndysy mälim edildi
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Ýer güni bellenilýär
Angliýanyň Premier Ligasynda portugal topary
2020-nji ýylyň iň berk smartfony belli edildi