Madridiň Prado muzeýi, Pariždäki Pompidu merkezi, Nýu-Ýorkdaky Metropoliten muzeýi we başga-da dünýäniň ençeme belli muzeýleri 1973-nji ýylyň 8-nji aprelinde aradan çykan ispaniýaly suratkeş Pablo Pikassonyň aradan çykmagynyň 50 ýyllygyna taýýarlanýar.Le Figaro gazetiniň habaryna görä, Madridde we Parižde Pikassonyň ýylyny guraýjylaryň aýtmagyna görä, dünýäde 42 sergi geçiriler we bu häzirkizaman sungatynyň iň meşhur suratkeşiniň hatyrasyna görlüp-eşidilmedik hormat bolar.Oktýabrdan başlap geljek ýylyň ahyryna çenli dowam etjek Pikassonyň ýyly çärelerine Ýewropanyň we Birleşen Ştatlaryň 38 öňdebaryjy instituty gatnaşar diýip, Ispaniýanyň Medeniýet ministri Mikel Iseta Madridde Şa aýaly Sofiýanyň sungat merkezinde suratkeşiň hatyrasyna guralan dabarany açmak bilen aýtdy.Dürli ýurtlarda guralýan sergiler 1881-nji ýylda Ispaniýanyň Malaga şäherinde doglup, 1973-nji ýylda Fransiýanyň Mužen şäherinde aradan çykan bu suratkeşiň döredijiliginiň ähli taraplaryny görkezmäge mümkinçilik berer diýip, Fransiýanyň Medeniýet ministri Rima Abdul-Malak belleýär.
Onuň aýtmagyna görä, Pikassonyň ýylynyň çäklerinde onuň döredijiligine bagyşlanan kollokwiumlar we çekişmeler meýilleşdirilýär.Pikassonyň ýylynyň esasy wakalary Ispaniýada, Fransiýada, ABŞ-da geçiriler, şeýle-de bolsa Belgiýada, Germaniýada, Rumyniýada we Şweýsariýada hem dabaraly çäreler göz öňünde tutulýar.