Pifagoryň teoremasy kesekiniňki bolup çykdy

Pifagoryň teoremasy kesekiniňki bolup çykdy

Gadymy grek matematigi Pifagor Katetleriň kwadraty gipotenuzyň kwadratyna deň diýýän meşhur teoremanyň awtory däl, amerikaly matematik Brýus Ratner şeýle netijä geldi diýip, MIR 24 ýazýar.

ABŞ-nyň Ýel uniwersitetinde biziň eýýamymyzdan öňki 1800-1600-njy ýyllar bilen senelenýän wawilon tagtajygy saklanýar, alymyň pikiriçe, onda Pifagoryň teoremasyny ulanmagyň nusgasy şekillendirilendir. Pifagor bu tagtajyk döredilmezinden 1000 ýyl soňra, ýagny biziň eýýamymyzdan öňki 570-490-njy ýyllarda dünýä inipdir.

Ratner Pifagoryň teoremasyny oňa şägirtleriniň degişli edendigi barada netijä geldi, alym beýik açyşyň gadymy grek alymynyň adyna ýalňyş degişli edilýändigini görkezýän maglumatlara salgylanýar diýip, Journal of Targeting, Measurement and Analysis for Marketing neşiri ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Siňekler howanyň üýtgemeginiň öňünde arylardan ejiz bolup çykdy
Daýhan Titanigiň görnüşindäki öý gurdy
ExxonMobil Braziliýanyň kenarlaryndan nebit tapmady
Lawrow Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Saud Arabystany 35 milliard dollara Boeing uçarlaryny satyn almakçy
Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy