Pezeşkiýan ýakyn günlerde kasam kabul eder

Eýranyň saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkiýanyň kasam kabul edişlik dabarasy ýakyn günlerde geçiriler. Bu barada mejlisiň agzasy Akbar Ranjbarzade salgylanyp, “Tasnim” habarlar gullugy mälim etdi.

-Saýlanan Prezidentiň topary taýýar bolsa, mejlis ýakyn günlerde kasam kabul edişlik dabarasyny gurnap biler diýip, Ranjbarzade belledi.

5-nji iýulda Eýranda geçirilen nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda reformaçy dalaşgär, öňki saglyk ministri Masud Pezeşkiýan ýeňiş gazandy. Bu barada Yslam Respublikasynyň saýlaw toparynyň resmi wekili Mohsen Eslami mälim etdi.

30 million 530 müň býulleten sanalandan soň, Pezeşkiýanyň 16,384 million (53,6 göterim) ses alandygy belli boldy. Eýran Yslam Respublikasynyň lideriniň ýanyndaky Ýokary milli howpsuzlyk geňeşiniň wekili konserwator Said Jalili bolsa, 13 million 538 müň ses aldy. (44,3 göterim).

Resmi maglumatlara görä, saýlawlara gatnaşyk 49,8 göterim boldy. Eslaminiň sözlerine görä, ikinji tapgyra 30 million 530 müň saýlawçy gatnaşdy.

Eýranda ýurduň ýerine ýetiriji häkimiýetiň Baştutanynyň aradan çykmagy bilen baglanyşykly möhletinden öň Prezident saýlawlary geçirildi. Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisi 19-njy maýda Gündogar Azerbaýjan welaýatynda dikuçar heläkçiliginde aradan çykdy. Dikuçarda onuň bilen birlikde ýene-de ýedi adam, şol sanda, daşary işler ministri Huseýin Amir Abdollahiýan hem bardy.

28-nji iýunda geçirilen saýlawlaryň birinji tapgyrynda ýeňiji belli bolmady, sebäbi prezidentlige dalaşgärleriň hiç biri-de 50 göterimden gowrak ses alyp bilmedi.

Masud Pezeşkýan 1954-nji ýylda Eýranyň Mehabad şäherinde dünýä indi.Ol Eýranyň lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň “kardiohirurgiýa” bölümini tamamlap, belli bir döwürde harby lukman bolup işledi. 1994-nji ýyldan 1999-njy ýyla çenli Töwriziň lukmançylyk ylymlary uniwersitetine ýolbaşçylyk etdi, 2001-nji ýyldan 2005-nji ýyla çenli reformaçy Muhammet Hateminiň hökümetinde saglyk ministri bolup işledi. 2016-2020-nji ýyllar aralygynda mejlisiň başlygynyň birinji orunbasary bolup işledi.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Gyzyl Ýarym Aý jemgyýeti ýurduň Prezidentiniň dikuçarynyň tapylandygyny habar berdi
Eýranda Prezident saýlawlarynda öňdeligi eýeleýän dalaşgär belli boldy
Eýranyň Prezidenti Raisi dogduk şäheri Maşatda ýerlendi
Eýran Russiýadan günde 9 million kubmetr tebigy gazy import eder
Eýranda ýer titreme boldy
Gurban Berdiýewiň Eýranly kluba ýolbaşçylyk etmegi ähtimal