Pezeşkiýan Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Pezeşkiýan Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.

Telefon söhbetdeşliginde sebitdäki soňky hadysalar we Hizbullah bilen Ysraýylyň arasyndaky çaknyşyklary bes etmek we ýaraşyk üçin çözgüt ýollary ara alynyp maslahatlaşyldy.

Eýranyň hemişe uruşdan we dartgynlykdan uzak, howpsuz sebit isleýändigini aýdan Pezeşkiýan, ot açmazlygy we çaknyşyklaryň bes edilmegini goldaýandyklaryny belläp: "Biz, hatda Hamasyň syýasy býurosynyň başlygy Ismail Haniýeniň Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde sionist režimi tarapyndan wagşylyk bilen janyna kast edilmeginden soň (31-nji iýul) soň, bigünä adamlaryň öldürilmeginiň öňüni almak umydy bilen Günbatar ýurtlarynyň liderleriniň ot açmazlyk baradaky wadalaryna ynanyp belli bir möhlet sabyr-kanagat etdik.

Emma sionistler Gazada we Liwanda hüjümlerini güýçlendirip, ynsanperwerlik gymmatlyklaryna we halkara hukugyna bagly däldiklerini görekzdiler" diýip nygtady.

Eýranyň sebitde parahatçylygy, asudalygy we durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen edilen islendik teklibi hoşallyk bilen kabul edip, goldajakdygyny aýdan Pezeşkiýan, Fransiýanyň prezidentinden we beýleki Ýewropa ýurtlarynyň liderlerinden, Ysraýylyň Gazadaky we Liwandaky genosidini we hüjümlerini bes etmek üçin tagallalaryny dowam etdirmeklerini talap etdi.

Pezeşkiýan mundan başgada Fransiýanyň hökümetiniň Ysraýylyň Liwandaky hüjümlerini ýazgarmagyny we resmi Tel-Awiwe ýarag iberilmegini bes etmegini oňyn ädim hökmünde beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Makron Bilen Netanýahu Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Ysraýyl, Beýrudyň Günortasyny Bombalamaga Dowam Edýär
Prezident Erdogan Wengriýada Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Türkiye Ysraýylyň daşary işler ministrine reaksiýa bildirdi
Türkiýäniň Diplomatik Wekilhanalarynda Baýdaklar Ýarysyna Çenli Aşakladyldy
Ysraýyl, Göçme Hassahanany Nyşana Aldy