Eýranyň döwlet teleýaýlymynyň habar bermegine görä Eýranda Prezidentlige saýlanan Pezeşkiýan, özüne gutlag ýüzlenmesini ugradan Hizbullahyň Baş sekretary Hasan Hasrallaha ýüzlenip, hat ugratdy.
Hatda, Eýranyň Hizbullaha we sebitdäki söweşjeň toparlara güýçli goldawyny dowam etdirjekdigini nygtan Pezeşkiýan, söweşjeň toparalara goldawyň “Eýranyň esasy syýasatydygyny” beýan etdi.
Mesud Pezeşkiýan “Sebitdäki söweşjeň hereketleriň Ysraýylyň ejir çekýän palestin halkyna we beýleki sebit halkalryna garşy uruş dellallygyna hem-de jenaýat syýasatyny dowam etdirmegine ýol bermejekdigine ynanýaryn” diýdi.