Eýranyň Prezidenti Masud Pazaşkian günbatar ýurtlarynyň Ysraýyla berýän goldawyny bes etmelidigini aýtdy.
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde; “Eger-de günbatar ýurtlary sebitde howpsuzlyk meselesini çözmek isleýän bolsalar, Ysraýyla berýan goldawlaryny dessine bes etmeli” diýdi.
ABŞ-nyň we günbatar ýurtlarynyň Ysraýyly eden genosid jenaýaty sebäpli ýazgarmagyň ýerine goldaýandyklaryny beýan eden Pazaşkian; “Sionist dolanşyk Gazanyň ejir çekýän we goragsyz halkyna edýän jenaýatynyň we terror aksiýalarynyň ýany bilen Eýranyň resmi myhmany Haniýýanyň janyna kast etmek arkaly sebitde ýangyn başlatmagyň kül-külünde” diýdi.
Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bolsa telefon söhbetdeşliginde sebitde möwç alýan dartgynlyga alada bildirdi.
Eliseý köşkünden berilen beýannamada, Makronuň telefon söhbetdeşliginde sebitde dartgynlygyň artmagyna bildirýän “güýçli adalasyny” beýan edip, Prezidennt Pezeşkiany Eýran bilen bilelikde hiç kim üçin bähbitli bolmajak we sebitleýin durnuklylygyna düýpli zyýan ýetirjek täze bir harby dartgynlygyň öňüni almak üçin elinden geleni etmäge çagyrdy” diýilýär.