Pezeşkian kasam kabul etdi

Eýranyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkianyň kasam kabul edişlik dabarasy 30-njy iýulda mejlisiň binasynda geçirildi. Pezeşkian parlament wekilleriniň, Konstitusiýanyň goragçylar geňeşiniň agzalarynyň we kazyýetiň başlygynyň gatnaşmagynda kasam kabul etdi. Bu dabara 80-den gowrak ýurtdan ýokary derejeli myhmanlar, şol sanda, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Dabaraly çäre Yslam Respublikasynyň senasynyň ýaňlanmagy we musulmanlar üçin mukaddes kitap – Gurhan okalmagy bilen başlandy.Ilkinji söz Eýranyň içeri işler ministrliginiň başlygy Ahmad Wahidä berildi.Ol öz çykyşynda ýurt üçin täze şöhratly döwrüň başlanýandygyny mälim edip, “şu günki gün ähli eýranlylaryň jebisligini görkezýän gün” diýip belledi.

Soňra kazyýetiň başlygy Golam Hosseýn Mohseni-Ejei ýygnananlara ýüzlenip, täze Prezidentiň öz halkyna hyzmat edip, ýurduň ösüşine goşant goşmalydygyny nygtady.

Dabaranyň esasy böleginde Pezeşkian kasam kabul etdi, oňa gol çekdi we resminamany kazyýetiň başlygyna berdi. Ol millete ýüzlenip, öz hökümetiniň “ähli eýranlylaryň hukuklaryny üpjün etjekdigini we hemişe milli bähbitleri ileri tutjakdygyny” aýtdy.

-14-nji hökümet Eýranyň ösüşi, ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmak we adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin tagalla eder diýip, Pezeşkian belledi.

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýolbaşçysy Ebrahim Raisi aradan çykandan soň bellenen Eýranyň möhletinden öňki Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry 5-nji iýulda geçirildi.Reformaçy ganatdan dalaşgär, öňki saglyk ministri Pezeşkian sesleriň 53,6 göterimine, konserwator Said Jalili bolsa, sesleriň 44,3 göterimine eýe boldy. 28-nji iýulda Eýranyň ruhy lideri Ali Hamenei Masud Pezeşkianyň Prezident wezipesine eýe bolmagyny tassyklaýan karara gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

Wahidi: Eýranyň medeni geňeşçileri ýalan gürrüňleri paş etmek bilen Günbataryň hakyky ýüzüni açmaly
Amerika dünýädäki adam hukuklaryny iň möhüm we esasy bozýanlardan biridir
Hormozganda ýer titremesinde ejir çekenlere kömek bermek
Eýranyň Yslam Şura Mejlisi, Amerikanyň adam hukuklaryny berk tankytlamagy
Jalalzadeh: Amerikanyň adam hukuklary onlarça million adamy gurban etdi
Eýranda çöken binada ýogalanlaryň sany 31 adama ýetdi