Fransiýanyň Peugeot konserni ýakynda 210 ýyllygyny belledi we bu wakanyň şanyna logotipiniň dizaýnyny döwrebaplaşdyrmak kararyna geldi. Iň soňky tendensiýalara eýerip, bu brendiň hem emblemasy tekiz boldy diýip, njcar.ru belleýär.
Täze emblemaly ilkinji awtomobil 18-nji martda premýerasy geçiriljek indiki nesliň Peugeot 308 hetçbegi bolar.Bu awtomobil birnäçe gezek ýol synaglarynda göründi, ýöne onuň emblemasy hemişe gizlin saklanypdy.
Belläp geçsek, 1850-nji ýyldan bäri kompaniýa logotipini 10 gezek üýtgetdi, onda diňe ýolbars üýtgemän galýardy.Häzir hem konsern bu däbinden daşlaşmady.Gerb görnüşinde ýerine ýetirilen nyşanda “haýwanlaryň şasynyň” kellesi we markanyň ady bilen ýazgy aýdyň görünýär.
Nyşanyň fony gara, “suratyň” özi bolsa kümüşsöw reňkde.Logotipiň täze görnüşini taýýarlamak bilen halkara Peugeot Design Lab studiýasynyň hünärmenleri meşgullandy.Olar bu emblemanyň markanyň indiki derejä geçmeginiň şöhlelenmesidigini belleýärler.
Dizaýn kompaniýanyň esasy gymmatlygyny wagta tabyn bolmadyk stili özünde jemleýär, şol bir wagtyň özünde bu stil köptaraply bolmak bilen, medeni köpdürlüligi şöhlelendirýär.Kompaniýada bellenilişi ýaly, täze logotip “tutuş dünýä fransuz stilini, tehnologiýasyny we nepisligini açyp görkezmeli”.