Petruççiniň ilkinji ýeňşi

Moto GP boýunça möwsümiň 9-njy ýaryşy Fransiýanyň

Le Mans şäherinde

geçirildi. Ýagyş sebäpli 5 minut giç başlan

ýaryş 26 aýlawa düşürildi. Netijede, 3-nji hatardan başlan “Ducati” toparynyň italýan sürüjisi Danilo Petruççi möwsümdäki 1-nji, karýerasyndaky 2-nji

ýeňşini gazandy. Ol 26 aýlawy 45 minut 54,736 sekuntda tamamlamagy başardy. Petruççi şu möwsümde ýeňiş

gazanan 7-nji sürüji boldy. Ýaryşda ýeňijiden 1,2 hem-de 1,7 sekunt gijä galan ispan

sürüjileri “Repsol Honda” toparyndan Aleks

Markes 2-nji, “Red Bull KTM” toparyndan Pol Espargaro 3-nji ýeri

eýeledi.

Geçirilen 9-njy ýaryşdan soň, “Petronas Yamaha” toparynyň

fransuz sürüjisi Fabio Kuartararo 115 utuk bilen öňde barýar. 2-nji

ýerdäki ispaniýaly Hoan Miriň (“Suzuki Ecstar”) 105 utugy bar.

Italiýaly Andrea Dowizioso (“Ducati”) bilen ispaniýaly Mawerik

Winýales (“Monster

Energy Yamaha”) degişlilikde, 97 we 96 utuk toplap, 3-4-nji orunlary

paýlaşýarlar.

Möwsümiň 10-njy bäsleşigi 18-nji oktýabrda Ispaniýanyň Aragon

şäherinde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Markes arany açýar
Markes arany açýar
Soňky öwrümde öňe saýlandy
Winýalesiň birinji ýeňşi
Täze çempion
Möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, sanawyň lideri üýtgedi