Moto GP boýunça möwsümiň 6-njy ýaryşy Italiýa “Gran Prisinde” “Ducati” toparynyň italiýaly sürüjisi Danilo Petruççi ýeňiş gazandy.Ol 23 aýlawy 41 minut 33,794 sekuntda geçip, ilkinji gezek Moto GP-de ýeňiji boldy.
Mundan öňki 2 ýaryşyň ýeňijisi, “Honda” toparynyň ispaniýaly sürüjisi Mark Markes 41 minut 33,837 sekunt görkeziji bilen 2-nji ýeri eýeledi.Petruççiniň topardaşy Andrea Dowiziosa ýeňijiden 0,3 sekunt soň, pellehana gelip, ýaryşy 3-nji hatarda tamamlady.
Geçirilen 6-njy bäsleşikden soň 115 utuk toplan Mark Markes birinjiligini saklaýar. Çempionlyk ugrunda göreşýän Andrea Dowiziosanyň 103, 3-nji orundaky Aleks Rinsiň 88 utugy bar.Moto GP-de indiki bäsleşik 16-njy iýunda Barselonada geçiriler.