Petronasyň baş menejeri kompaniýanyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň baý taryhy barada çykyş etdi

Petronasyň baş menejeri kompaniýanyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň baý taryhy barada çykyş etdi

PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasynyň baş menejeri we önümçilik bölüminiň başlygy Mohd Razik bin Mohd Aznam kompaniýanyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň baý taryhy barada çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, jemi 11,4 milliard dollar maýa goýum bilen bu Malaýziýa kompaniýasy Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň ykdysady ösüşine we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm goşant goşdy.

Mundan başga-da, kompaniýa ýurduň uzak möhletli we ygtybarly hyzmatdaşy bolmak bilen, ýerli jemgyýete oňyn sosial täsirini ýetirýär hem-de Türkmenistanda adam maýasynyň artmagyna goşant goşýar.

Mohd Razik bin Mohd Aznam Petronasyň Türkmenistandaky ädimleri barada taýýarlanan infografika suratlary bilen öz çykyşynyň üstüni ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli kabul edişlik guraldy
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar giňeldilýär
Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Türkmenistandaky täze ilçisini kabul etdi
Türkmenistan-Malaýziýa: ynsanperwer we senagat ulgamlarda hyzmatdaşlyk ähtnamalaryna gol çekildi
Emine Erdogan BMG-nyň çakylygyna laýyklykda Nýu-Ýorka gider