PETRONAS “OGT 2023” maslahatynyň we sergisiniň altyn hyzmatdaşy boldy

PETRONAS “OGT 2023” maslahatynyň we sergisiniň altyn hyzmatdaşy boldy

PETRONAS kompaniýasy özüniň Türkmenistandaky “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd.” golçur kärhanasynyň üsti arkaly 25 27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023” atly halkara maslahatynyň we sergisiniň altyn hyzmatdaşy boldy.

Uglewodorodlary gazyp almak pudagynda 20 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýan “PETRONAS Çarigali” geçen döwürde özüni Türkmenistanda iri nebit we gaz önüdirijileriň biri hökmünde tanatmagy başardy.Kompaniýanyň 1000-nji nebit guýusyny işe girizmegi, onuň Türkmenistanda uzak wagtdan bäri iş alyp barýandygyna şaýatlyk edýär. “Diýarbekir” ýatagyndan 2009-njy ýyldan nebit, 2011-nji ýyldan hem “Magtymguly” ýatagyndan tebigy gazy senagat taýdan gazyp almak bilen, kompaniýa özüni Türkmenistanda iri nebit we gaz öndüriji hem-de iberiji kompaniýa hökmünde tanatmagy başardy.

Kompaniýa durmuş ulgamy bilen bagly maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistanyň jemgyýetçilik ösüşine özüniň goşandyny goşýar. Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli kömürturşy gazynyň daşky gurşawa goýberilişini azaltmak boýunça öňde goýan maksadyndan ugur alyp, PETRONAS ýurduň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrundaky tagallalaryny yzygiderli goldaýar.

PETRONAS dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda iş alyp barýan we yzygiderli ösýän iri kompaniýalar toparydyr. Kompaniýa jemgyýetiň ösüşine ýardam edýän energiýa serişdeleri we çözgütleri hödürleýär, şol bir wagtda bolsa özüniň işewürlik nusgasy bilen önümiň bahalarynyň hemmeler üçin sazlaşykly düzülmegini ýola goýýar.

Kompaniýa halkara zerurlyklaryny kanagatlandyrmak arkaly energiýa serişdelerini diwersifikasiýalaşdyrmak babatda Türkmenistanyň öňde goýan maksatlaryny geljekde hem goldamagy maksat edinýär. Durnukly ösüş kompaniýanyň alyp barýan işiniň möhüm binýadyny emele getirip, adamlaryň durmuş şertlerini, hususan-da, energiýa üpjünçiligini gowulandyrmak ugrunda işler alnyp barylýar.

Nebitgaz pudagyndaky esasy meseleleri we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge amatly mümkinçilikleri döretjek “OGT 2023” halkara energetika maslahatyna gatnaşmaga dünýäniň 46 ýurdundan 700-den gowrak wekil hem-de 70-den gowrak halkara energetika kompaniýalary bellige alyndy.

Sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, dünýäniň energetika babatdaky geljekki ösüş ugurlaryny maslahatlaşmak we Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek maslahatyň esasy maksatlarydyr.Halkara foruma gatnaşmak arkaly Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyndaky täze maýa goýum taslamalary barada giňişleýin maglumat alyp bolar.

Halkara çäre barada gas giňişleýin maglumaty şu salgydan alyp bilersiňiz: www.ogt-turkmenistan.com.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
PETRONAS kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar
PETRONAS Çarigali kompaniýasy işe çagyrýar
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarydyr ýaş alymlary daşary ýurtlarda saparda bolýarlar
PETRONAS Çarigali Sdn Bhd kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar
Türkmenistandaky Petronas Çarigali kompaniýasy işe çagyrýar