PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy Gyýanlyda işlemek üçin hukukçy hünärmenleri işe çagyrýar. Bu barada Türkmenistan gazetinde bildiriş çap edildi.
Ähli dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:
1. Bilimi: hukuk ugrundan ýokary bilimli.
2. Iş tejribesi: degişli ugurda 3 — 5 ýyl iş tejribeli.
3. Dili: iňlis, türkmen we rus dillerini erkin bilmeli.
4. Endikleri we başarnyklary: MS Office programmasynda işläp bilmeli.
Resmi kagyzlary PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasyndan alyp bolar.
Kompaniýanyň salgysy: Aşgabat şäheri, 744027, Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy (blok-B).
Şeýle hem kompaniýa dalaşgärlerden doldurylan sowalnamalary familiýasyny, adyny görkezip, bildirişiň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman, PÇ(T)SB kompaniýasyna tabşyrmagy ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysyna ibermegii haýyş edýär.
Diňe talaplara laýyk bolan dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.