PETRONAS kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar

PETRONAS kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar

Malaziýanyň nebitgaz kompaniýasy bolan PETRONAS Aşgabat şäherinde we Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmenleri işe çagyrýar. Degişli bildiriş Türkmenistan gazetinde çap edildi.

Aşgabat şäherinde üçin guýulary özleşdirmek boýunça inženere bildirilýän talapalar: Nebit we gazy çykarmak tehnologiýasy boýunça ýokary bilimi bolmaly; Nebit-gaz pudagynda 7 ýyl tejribesi bolmaly; Iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli; Nasos-kompressor turbalaryndaky dartgynlylygyň seljermesi boýunça Lendmark programma üpjünçilik toplumy ýa-da deň derejeli inženerçilik programma üpjünçiligine degişli bilimleri bolmaly.

MS Offiсe (MS Word, MS Exсel) programmalaryny, enjamlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmek boýunça gurallary we programma üpjünçiligini bilmeli.

Gyýanly obasynda işlemek üçin terjimeçä bildirilýän talaplar: Lingwistika boýunça ýokary bilimi bolmaly.

Iş tejribesi: Ýazmaça/dilden terjimeçi wezipesinde azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmaly; Iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli; MS Offiсe programmalary bilen işlemegi başarmaly.

Zähmeti goramak, howpsuzlyk tehnikasy we daşky gurşawy goramak boýunça gözegçisine bildirilýän talaplar: Orta bilim hakynda şahadatnama ýa-da deň derejeli bilim hakynda resminama bolmaly; Desgada howpsuzlyk tehnikasy boýunça ýa-da degişli pudakda 1 ýyldan 3 ýyla çenli gözegçi wezipesinde iş tejribesi bolmaly;

Dil ukyplary: Iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli; MS Offiсe programmalary bilen işlemekde başarnyklary bolmaly.

Sowalnamalary PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän (B blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar PÇ(T)SB kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Ýene degişli makalalar

PETRONAS Çarigali kompaniýasy işe çagyrýar
PETRONAS Çarigali Sdn Bhd kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar
PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy täze iş ornuny yglan etdi
PETRONAS kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy hukukçylary gözleýär
PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd boş iş ornuny hödürleýär
PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy işe çagyrýar