PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy işe çagyrýar

PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy işe çagyrýar

PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy Gyýanlyda işlemek üçin tejribeli lukmany işe çagyrýar. Bu baradaky bildiriş Türkmenistan gazetiniň 2-nji apreldäki sanynda çap edildi.

Bildirişde işe girmek isleýän lukmanyň ýokary bilimli we iş tejribesiniň intensiw terapiýa bölüminde reanimatolog hökmünde 5 ýyldan 7 ýyla çenli bolmalydygy, şeýle-de türkmen, rus we iňlis dillerini erkin ýagdaýda bilmelidigi, degişli ugurlar boýunça hünär taýýarlygynyň bolmalydygy we MS Office programmasynda işläp bilmegi talap edilýär.

Işe girmäge isleg bildirýän dalaşgärler degişli sowalnamalary PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän (B blok) edara binasyndan alyp bilerler.

Dalaşgär tarapyndan doldurylan sowalnamalar habaryň çap edilen gününden başlap, 1 hepdeden gijä galman, PÇ(T)SB kompaniýasyna dalaşgäriň doly adyny, familiýasyny görkezip, tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysyna ugradylmalydyr.

Bildirişde ýokarda görkezilen talaplara laýyk gelýän dalaşgärleriň söhbetdeşlige çagyryljakdygy bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

PETRONAS Çarigali kompaniýasy işe çagyrýar
PETRONAS kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar
PETRONAS Çarigali Sdn Bhd kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar
PETRONAS kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy hukukçylary gözleýär
PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd boş iş ornuny hödürleýär
PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy täze iş ornuny yglan etdi