PETRONAS Çarigali Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

PETRONAS Çarigali Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar

PETRONAS Çarigali kompaniýasynyň hünärmenleri şu günler Hazaryň türkmen kenaryndaky 1-nji blokda ýerleşýän känden gaz we nebit kondensatyny çykarýarlar. Bu barada PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasynyň hökümet bilen aragatnaşyk bölüminiň başlygy Albert Mehtiýew Türkmenistan gazetine beren interwýusynda aýtdy.

Türkmenistanyň nebiti we gazy ― 2022 halkara sergisine we maslahatyna gatnaşýan myhmanyň nygtaýy ýaly, kompaniýa Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna esasy maýa goýujylaryň biri bolup durýar.

Kompaniýa Türkmengaz we Türkmennebit döwlet konsernleri tarapyndan her ýylda guralýan nebitgaz forumlarynyň ählisine diýen ýaly işjeň gatnaşyp gelýär. Pandemiýa bilen bagly ýagdaýlaryň gowşan şertlerinde geçirilýän häzirki forumyň wekilçilikli derejesi aýratyn nygtalmaga mynasyp.

Türkmen topragynda, şol sanda PETRONAS Çarigali kompaniýasynyň Hazaryň kenarynda iş alyp barýan böleginde uglewodorod serişdeleriniň ummasyz gorlary bar. Bu bolsa kompaniýanyň maýa goýumlarynyň uzak möhletleýinliginiň we ygtybarlylygynyň kepili bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat we sergi
Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
PETRONAS Çarigali kompaniýasy işe çagyrýar
PETRONAS kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar
Türkmenistandaky Petronas Çarigali kompaniýasy işe çagyrýar
PETRONAS “OGT 2023” maslahatynyň we sergisiniň altyn hyzmatdaşy boldy