“Petronas” Azerbaýjandaky şahamçasyny ýapýar

“Petronas” Azerbaýjandaky şahamçasyny ýapýar

“Petronas Azerbaijan (Shah Deniz)” kompaniýasy Azerbaýjandaky şahamçasyny ýapýar. Bu barada kompaniýanyň metbugat beýanatyna salgylanyp, Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň resmi internet sahypasy anna güni habar berdi.

Russiýanyň LUKOÝL kompaniýasy 2021-nji ýylyň güýzünde Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki iri gaz käni bolan Şah-Deňiz känindäki “Petronas”-yň paýyny $2,25 milliarda satyn almak hakynda ylalaşdy.

Emma netijede Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy SOCAR “Petronas”-yň paýynyň 4,35%-ni, Beýik Britaniýanyň BP kompaniýasy bolsa 1,16%-ni satyn aldy. LUKOÝL-a $1,45 milliarda 9,99%-i galdy. Geleşik 2022-nji ýylyň ýanwarynda ýapyldy.

Şeýlelikde, Şah-Deňiz taslamasyna BP (29,99%, operator), LUKOÝL (19,99%), TPAO (19%), SOCAR (14,35%), NICO (10%) we SGC (SOCAR-yň golçur kompaniýasy - 6,67%) kompaniýalary gatnaşýar.

Bellenilişi ýaly, şol bir wagtda “Petronas” kompaniýasy 1996-njy ýyldan bäri taýýar önümi paýlaşmak hakynda Ylalaşygyň esasynda Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky nebitgaz känlerini özleşdirmegini dowam edýär. Şol wagtdan bäri kompaniýanyň taslama maýa goýumlary $11 milliarda barabar boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Gazagystanyň üstaşyr geçiren nebitiniň paýy 842,9 müň tonna ýetdi
Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisi arkaly 32 million tonna türkmen nebiti eksport edildi
Azerbaýjan Italiýa iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrar
'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
“Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahaty öz işine başlady
Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasy OGT ― 2022 sergisine uly gyzyklanma bildirýär