Sankt-Peterburgyň gubernatory Georgiý Poltawçenkonyň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa 18-nj aprelde gysga wagtlyk resmi sapar bilen Türkmenistana barýar.
Delegasiýanyň düzüminde şäheriň döwlet häkimiýetleriniň ýerine ýetiriji ýolbaşçylary, Peterburgdaky kärhanalaryň, okuw jaýlarynyň we medeniýet edaralarynyň wekilleri bar diýip, Sankt-Peterburgyň adminstrasiýanyň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.
Saparyň programmasynda gubernatoryň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we Aşgabat şäheriniň häkimi Şamuhammet Durdylyýew bilen duşuşyklary planlaşdyrylypdyr. Duşuşyklarda senagat, gurluşyk, energetika, medeniýet we bilim pudaklarynda ikitaraplýayn hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşylar.
Şeýle-de gubernator Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebiniň kollektiwi we okuwçylary bilen duşuşar.
Medeni-iş missiýasynyň çäginde tegelek stol söhbetdeşlikleri we telekeçiler üçin iş gatnaşygy boýunca biržalar gurnalar.
3
6