Pessaý şemaldan energiýa öndürmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Alymlar pessaý şemaldan elektrik energiýasyny öndürip bilýän, arzan bahaly enjamy döretdiler.Singapuryň Nanýan tehnologiýa uniwersitetiniň hünärmenler topary tizligi sekuntda 2 metr bolan şemaldan peýdalanyp, energiýa almagy başardylar.

Häzirki wagtda giňden ulanylýan ýel turbinalary energiýa öndürmek üçin azyndan 3,5 m/s ýele zerurlyk duýýar.Bilermenleriň bellemeklerine görä, bu enjam elektrik energiýasyny saklamak üçin ulanylýan batareýalara zerurlygy azaldyp biler.

Uniwersitetiň Gurluşyk we daşky gurşaw inženerçiligi fakultetiniň professory Ýan Ýaowen has durnukly energiýa öndürip bilýän bu enjamyň batareýalara zarýad bermekde we LED çyralaryny ýakmak oňyn netije berendigini aýdýar.Professoryň sözlerine görä, bu enjam has kiçi ölçegli we az energiýa sarp edýän täze elektron enjamlary elektrik energiýasy bilen üpjün edip biler.

Bu enjamyň yzygiderli işleýändigi we mahal-mahal tehniki ideg üçin duruzylmagynyň ýeterlikdigi mälim edildi. Şeýle hem bu enjamy öndürmek üçin tebigata zyýanly materiallaryň ulanylmaýandygy mälim edildi.Hünärmenleriň bellemeklerine görä, bu enjam şäher ýerlerinde hem ulanylyp bilner.

Häzirki wagtda hünärmenler bu enjamyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin tagalla edýärler.

Bägül Ilýasowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby

Ýene degişli makalalar

Rus kärhanasy Ukrainada ýere gaçyryljak F-15 we F-16 kysymly uçarlar üçin pul sylagyny berer
Arkadag şäherine bagyşlanan mediaforum geçirildi
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Serdar Berdimuhamedowa Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin atly medal gowşuryldy
Gurbanguly Berdimuhamedowa Türki dünýäsine ýokary hyzmatlary üçin atly medal gowşuryldy
Rus kinosynyň hepdeligi jemlendi